Dýuna atly romany 50-nji ýyllarda bir haramzada ýazýar we şol roman dünýä edebiýatynyň klassiki eserleriň sanawuna girýär. Romanyň gysgaça mazmuny şeýleräk: —Gelejekde kosmosda adamzat gaýyp ýör we planetalaryň birinde Spaýs atly güýçli narkotik önýär. Ol narkotiki ulanýan adam adatdan daşary bilgiç, ekstrasens bolýar. Şol planetaň ady Arakis we ol ýeriň ýaşaýjylary biziň Araplarymyzy ýatladýar. Dýuna roman meň gowy görýän kitaplarymyň hataryna girýär we bir näçe gezek okalan. Dogrysy kitaby näçe okasamda ondaky "zäheri" diňe ýaňy ýakynda görmegi başardym. Dýuna romandaky zäheriň manysy: Muhammet Pygamber adaty adam we norkaman. Ol hiç hili Pygamber däl, ol diňe çölde bir ýerde agyr narkotiklary ulanypdyr we gelejegi görüpdir, ýa-da başga bir zatlar bolupdyr? Adamlar bolsa oňa ýalňyş düşünip ony Pygamber diýip yglan edipdirler. Gynansamda Dýuna kitapda şeýle ideýalar bar, emma olar örän gizlenen, başgaça aýdaňda diňe asosasiýaň üsti bilen ýazylan. Mysal üçin Arakisiň halkyny musulmanlar bilen asosasyýa eder ýaly Dýuna romanda "Jahad, Remezan we Haj" ýaly sözler aýdylýar, (özem bir iki ýerde aýdylýar. Remezan bilen Haj sözi birje gezek, jehad sözi 5-6 gezek). Dýuna eseriň baş gahrymany bilen Myhammet Pygamberiň arasynda asosasyýa dörär ýaly eserde Arakisiň halky halasgäre garaşýar diýilýär. Halasgär diýilýän bolsa öz şahsy bähbitlerini kowalap ýör, ýerli halk bolsa oňa Pygamber diýýär. Gepiň gysgasy şeýle zäherli ideýalary klassiki edebiýatyň ählisine diýen ýaly siňdirýärler. Eger ideýany adamyň özüne gönümel aýtsaň ol ideýa amanat bolýar, bir tüýsli kabul edilenok. Emma ideýany ýa-da pikiri asasaýylaryň üsti bilen adamlara siňdirseň welin, şeýle pikir gowy kabul edilýär. Birden otyrkaň kelläňe pikir gelýär: —Birden Muhammet Pygamber glýusinasiýa döredýän narkotiklary ulanan bolaýmasyn? Beýle pikir öň hiç kimiň kellesine gelmedik bolmaly? Gör men nähili akylly. Biz öz oýlap tapyn islendik zadymyza diýseň buýsanýas we bize daşyndan siňdirlen zäherli pikirleri özümiziňki diýip düşünýäs, biz öz pikirimizi bolsa gözümiziň göreji ýaly gorap saklamaga taýyn. Mysal üçin bize suwuň täsin ylmy taraplary barada dokumental kino görkezýärler. Suw informasyýany saklap bilýär, suw diňe biziň planetamyzda bar, suwuň ýanynda erbet pikir edip ony doňdursaň oň kristallary bir tüýsli ters bolýar. Suw barada şeýle pikirler bilen kelläň zäherleninden soň öňünden bir ýerden Musa Pygamberiň Gyzyl deňizi ikä ýarandygyny kinoda görýäň, ýa-da bir ýerde okaýaň. Seň birinji kelläňe gelýän pikir suw informasyýany saklaýar, suw bilen bir zatlar ters, suwy häzir gowja öwrenseň adamyň diýenini edýän bolup çykar we şoňa meňzeş. Şeýle pikirleri biz has gowy kabul edýäs, sebäbi biz ol pikirleri özümiz oýlap tapdyk diýip pikir edýäs. Hakykatda welin bu beýle däl. Meň şahsy pikirime görä, adanyň kellesinde döreýän ters pikirleriň barsyny iki sany edara döredýär. Ol edaralaryň biri biziň dünýämizde, ikinjisi bolsa başga dünýäde. Biziň dünýämizdäki edara, dünýä derejesindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we ofisal ylym. Olar biz üçin asosasyýalary döredýärler, galan işleri bolsa jyn arwahlaryň dünýäsindäki edaralar dowam edýär. Biziň pikirlerimiz Hudaýdan daşa düşer ýaly edýärler. Bizi buýsanar ýaly edýärler, gör men nähili akylly we şeýle nrtijelere geldim. Ýöne meň entek doly düşünmeýän zadym bu iki sany edaraň birleşýän ýerleri nirede? Olar nädip we nirede kesişip bilýärler? Nirede ylmy maslahatlary geçirýärler? Din tarapdan Şeýtan adamy azdyrýar diýilýär, emman biziň dünýämizde informasion kömek bolmadyk bolsa şeýtana adamy azdyrmak diýseň kyn düşerdi.
P/s: başga zatlar barada ýazjak boldym, emma pikirlerim başga tarapa alyp gitdi.
Dýuna "2021" kinony kim gördi?
-
Khanture
2 years ago
- Baaah
-
Гость
2 years ago
- Gowy ýazypsyň.
-
zumerchi
2 years ago
- birhili "kod'ly" yazypsyn, dogrymy aytsam kop yerine dushunmedim, @BeyikYazyjy agzanyn motivinde!)
-
Adalat19
2 years ago
- Nirde kod görýäň? Aý düşündüreýin....
-
Khanture
2 years ago
- 80-nji yyllardada bir kinosy alnan eken...
-
zumerchi
2 years ago
- gepin gysgasy, musulmanlary we beyleki gahrymanlaryn usti bilen Pygamberimizi yaman edip gorkezipdirlerda, sheylemi!?
-
TrustORG
2 years ago
- Gormeli etdiñiz kinony. Kinony goreyin we menem pikirimi yazaryn.
-
Adalat19
2 years ago
- Marweliň "Ýaşyl fonar" kinosyna übs berseň hem Hydaýa garşy ideýalar bar. Ýaşyl bu musulmanlaryň reňki, kosmosda ýaşyl energiýa bar, şol energiýaň kömegi bilen hyýalyňdaky islendik zat hakykata öwrülýär. Beýik Allah hem şol häsýetlere eýe. Ýaşyl fonaryň zäherli ideýasyna görä Allah kismosda bir ýerde ýaşyl energiýa tötänden sataşanlaryň biri. Kosmosda örän täsin zatlar diýseň kän bolmaly, ol ýerden islendik jandar ýere gelip özini hudaý diýip yglan edip bilýer. Garaz köphydaýlylyga barýar şol kinoň düýp manysy
-
Adalat19
2 years ago
- @Zumerçi, musulmanlar şol eserde gowy obrazda, baş gahryman hem erbet oglan däl. Şol eserde bar edilen zat Allahy orrtadan aýrypdyrlar...
-
zumerchi
2 years ago
- bähhh, dushundim.
-
Khanture
2 years ago
- Adalat19 Zelyonny Fonar DCninkidi Marvel dal
-
Khanture
2 years ago
- Matrisadada Neo Isa yaly gorkezilyar yone icgin synlasang Dejjal diyibem pikir edyan
-
Adalat19
2 years ago
- @Hantöre, Detjaly görjek bolsaň Marweldaky "Şit" birleşmäň başlygyna seret, bir gözi powýaskaly negr adam bolmaly....
-
Khanture
2 years ago
- Hawwa edil özi i ledowiti period bara buzly dowur shondada kop zatla kakydylya bash bolum ozem... ucinji boluminde yeke goz bar... ikinji bolumde Nuh pygambere wakalarna kakydylya bashinji bolumde Musang denizi ika bolushi kakydylyar...
-
TrustORG
2 years ago
- Adalat19, arap sözüňi bölsemem sorry bratan, emma Zeleny fonar Worner brazzerziň önümi, has takygy DC komiksiňki😁😁😁
-
TrustORG
2 years ago
- Khanture27 minutes agoMatrisadada Neo Isa yaly gorkezilyar yone icgin synlasang Dejjal diyibem pikir edyan
- şona menem üns berdim we aý ýöne gabat gelmedir diýip goýdym, diýmek Neony isa pygambere meňzeden diňe bir men däl ekenim🙃
-
yyldyz.
2 years ago
- Arakisi. Arak-isi )
-
yyldyz.
2 years ago
- baryñyz akylly tüweleme
-
TrustORG
2 years ago
- Khanture, eto uje slishkom)) wasyok sen kinodan bir LEZZET alyp goryañmi ya shol ysharat gozlap goryañmi😂
-
TrustORG
2 years ago
- yyldyz. Salam ugurbocegi
-
Khanture
2 years ago
- Adalat19, arap sözüňi bölsemem sorry bratan, emma Zeleny fonar Worner brazzerziň önümi, has takygy DC komiksiňki😁😁😁
Yokarda menem yazdym shony...
Ilka lezzet alyp goryan song gaytalamasynda ysharat gozleyan ;)))
-
Khanture
2 years ago
- Dine sen dal howwa internedi dorjeleseng men yaly dejjaldyr diyenlerem bar ;))))
-
yyldyz.
2 years ago
- Salam, gowmyñ
-
Khanture
2 years ago
- Mena gowy yyldyz, a sen? ;)))
-
Adalat19
2 years ago
- Ýaşyl fonar barada düzedişiňiz üçin sag boluň...DC önümidigi meň üçin täzelik boldy...
-
yyldyz.
2 years ago
- shula birzatdan omur yadyndan chykmajak lezzet alp gelipdir, 2gundenbari Lezzet diýip ýykdy😒
-
TrustORG
2 years ago
- Khanture, detjala dal, yanyndaky podrujkasy mojet byt
-
TrustORG
2 years ago
- We garry serkerdebashy ayalam bolup biler, shoñam bir gòzi agaran (kor) edilipdir))
-
TrustORG
2 years ago
- Adalat19, da laaaadnaaaa😆🤐
-
TrustORG
2 years ago
- yyldyz. Lezzet kafeniñ lezzet somsasynyñ lezzetli tagamyndan lezzet almak lezzeti😂
-
yyldyz.
2 years ago
- Detjal name diymek?
-
Adalat19
2 years ago
- Ýalançy, antihrist diýmek
-
Khanture
2 years ago
- Adalatyng bloglaryna seret Dejjal barada maglumatlar bar
-
TrustORG
2 years ago
- Khanture, dawno gòrdum we pustozwon yada polny chush sobachi yaly wakalar bolanyndan teswirem yazmadym.
-
Jeksparro
2 years ago
- Kinolary görmeli etdiňizaý, zelyonny fonar bilen Dýunany...
-
Jeksparro
2 years ago
- Dyuna - Dünýä türkçe Ýer şary bolýar...
-
Jeksparro
2 years ago
- Dyuna - Dünýä türkçe Ýer şary bolýar...
-
mertogly
2 years ago
- Oň kicirak wagtym gara niyetli adamlar barada ozbegistanyn ''Yoshlar''telekanylda bir geplesik gorupdum.Yagny dasary yurtda bir online wideo oyun barmys.Ol oyunyñ kop bolegini oynap gecenden son oyun indiki tapgyra gecmek ucin saña bir sert goyyamys ýagny indiki tapgyra gecmek ucin Estagfurullah aytmagada dilim baranok Kurany kerimi basyp gecmeli diya.Sular yaly oyunlar Kinolar yada eserler Massonlar, Rimski klub yaly erbet niyetli toparlaryn ishi bolmaly.
-
Ahmedik_97
2 years ago
- Bah. Nähili haramçylyk...
-
TrustORG
2 years ago
- mertogly, seniñ yoshlar kanalyñ ruslaryñ RenTV si bilen TV3 si yaly zat. Bolsa bolmasa samahyllayar. Ol aydan peredachañy menem gordum, we imenno shol peredachañda 2012de ahyrzaman bolmalydy, 2016tyda gepleyan robotlar bizi basyp almalydy)) kop huyyed edenlerinemi namemi indi shol peredaçada yok, yoshlar kanalam duypgoter bashgachadyr hazir😂
-
mertogly
2 years ago
- Olar bir ylmy takmyn ahryn TrustORG agam.Hokman bolmaly diyeni menä yadyma dusenok dogrysy.Olar dine terjime edip cykaryady.
-
Mr_arsen.
2 years ago
- Wiccin 2 göreniń bamy?
Khanture 2 years ago- Makalany entak okamok okamakam teswir yazayyn onun romanynam filminem skacat edip aldym blllinnn okamaga we filmi gormage wagt tapyp blmkda... indi blogyny okayyyn