IPhone X gymmat WELIN onun remodam...

Basym iPhone X satylyshygy bashlayar. Yone iñ arzany gornushi $999 bolmalymysh Apple store-de. Bahasama gymmat WELIN ony dowayam yagdayynda remontam gymmat. Meselem ekreny chalshmak ucin $279 cykdayjy cykarmaly, beyleki detallarny chalshdyrmak ucin bolsa $549 gerek. Gowsy gowja android telefon alanyñ gowy eken :).

Iñlisçe bilyan bol...

Dowamy »

1160 0
Köneler, yesh tarapyndan 7 years ago

Siz nahili pikirde dostlar? :)

Molla diyya, duz diyya shu zatlara ynanyanyzmay? Meniñ pikirimce keselleri bejeryan diyip yoren mollalar ya-da sowda üçin eyle beyle we sh.m. zatlar ucin okap duz beryan diyyan mollalar profi kezzaplarmyka diyyan. Ay elbetde halkyñ (garyp halky goz öñüne tutyan) ynamy mediklerden (tupoy wraclara degishli) gaçanda mollalara ynanmaly bolyada.
...

Dowamy »

1308 0
Köneler, yesh tarapyndan 7 years ago

Berdimuhamedowyň ogly prezidentiň kakasynyň adyndaky medal bilen sylaglandy (foto)



Berdimuhamedowyň ogly prezidentiň kakasynyň adyndaky medal bilen sylaglandy (foto)


27-nji oktýabrda, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününde güýç gurluşlarynyň işgärlerine watan öňünde bitiren hyzmatlary üçin prezident Berdimuhamedowyň kakasynyň adyny göterýän medal – “Mälikguly Berdimuhamedow” sylagy gowşuryldy.

Dowamy »

217 0
Köneler, garagumly111 tarapyndan 7 years ago

Salam

salamchik,talyplar))

Dowamy »

1613 0
Köneler, ruqaya tarapyndan 7 years ago

Aman Annamyradow Seni küýsedim

Geljegime umyt bilen garamda,
Söýgüli dildarym, seni küýsedim.
Söýgi älemine seýle çykamda
Syýa zülpi tarym, seni küýsedim.

Deň-duşlarym tutýar maşgala toýun,
Öz söýen gözeli bezeýär öýün.
Haçan toý tutarys biz şolar deýin,
Dillen, intizarym, seni küýsedim.

Erkim elden aldy yşg...

Dowamy »

1716 0
Köneler, Gurban93 tarapyndan 7 years ago

Jemal bagşynyň Ogulabat ejeli we alajaly ideýasy


Jemal bagşynyň Ogulabat ejeli we alajaly ideýasy

Adamlar, buşluk, kelläme bir ajaýyp ideýa geldi! Bu ideýa bizi diňe sebitde iň tozan ýurt bolmakdan halas etmän, eýsem ýene bir gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizip biler.

Dogry, men boýun alýaryn, ýagdaýymyz agyr: ozaly nebit-gaz nyrhlarynyň global arza...

Dowamy »

133 0
Köneler, garagumly111 tarapyndan 7 years ago

Balkanabadyň golaýynda bir hepdede ikinji gezek ýer yrandy

Balkanabadyň golaýynda bir hepdede ikinji gezek ýer yrandy

https://tm.hronikatm.com/2017/10/balkanabadyn-golayynda-bir-hepdede-ikinji-gezek-yer-yrandy/

27-sinden 28-nji oktýabra geçilýän gije Balkanabat şäheriniň 50 km günorta-gündogarynda 4,4 magnitýudly ýer yranmasy bolup geçdi.

Sarsgynlar gije sagat 2...

Dowamy »

175 0
Köneler, garagumly111 tarapyndan 7 years ago

KOMEK

Salawmaleykim.Mana ertir.comdaky @morrison agzanyn habarlashar yaly salgysy gerekdi,in bolmanda at familyasy,gayrat edip bilseniz aydyn

Dowamy »

1848 0
Köneler, mekank tarapyndan 7 years ago

MTS işini togtadandan soň Türkmenistanda mobil aragatnaşygynyň hili ýaramazlaşdy


MTS işini togtadandan soň Türkmenistanda mobil aragatnaşygynyň hili ýaramazlaşdy

Sentýabryň ahyrlarynda ”MTS-Türkmenistan” mobil operatory öz işini bes edeninden soň, rus kompaniýasynyň müşderileri ýurtda ýeke galan döwlet operatory bolan “Altyn Asyra” köpçülikleýin geçmäge başladylar.

Döwlet eýeçiligindäki kom...

Dowamy »

228 0
Köneler, garagumly111 tarapyndan 7 years ago

Türkmenistanyň prezidenti bir topar kompaniýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň prezidenti bir topar kompaniýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy oktýabrda, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bir topar kompaniýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Hususan-da döwlet baştutany Russiýanyň Nebit-gaz senagatçylar birleşiginiň...

Dowamy »

80 0
Köneler, garagumly111 tarapyndan 7 years ago

JENNET ŞEÝLE UZAKDAMY?

Ulular näme üçin beýle köp ýatýarlar - bilip bilemok?! Aslynda, bilmeýän zadym köp, emma, bugün oturyp pikirlenjek bu zatlar barada.

Düyn Berdi täzeje kompýuter alypdyr, ýöne kompýuterini meň bilen oýnamak islemedi. Myradyň kakasy bolsa oňa playstation-3 getiripdir; düyn kakasy bilen bile oýun oýnany üçin, agşam meň bilen gizlenpeç...

Dowamy »

1874 0
Köneler, ata tarapyndan 7 years ago

Eşiden zatlaryňy anyklaman başgalaryna gürrüň bermek dogrumy?

Salam agza we myhmanlar!

Ilki bu ýyl üýtgedilmedik bolsa, hemmäňizi Garaşsyzlyk Baýramymyzyň 26-njy ýyly bn gutlaýan!

Asyl mowzuga gelsem, bir ýagdaýy ähmiýetlilik bn belläsim gelýär. Bir hadysda:"Kişä eşiden zatlaryny aýtmak günä hökmünde ýeter." diýilýär.

Bärde üstünde durulmaly söz - "eşiden zatlary...

Dowamy »

1812 0
Köneler, ata tarapyndan 7 years ago

Türkmenistanda dollaryň “gara bazar” kursy üýtgemegini dowam etdirýär

Türkmenistanda dollaryň “gara bazar” kursy üýtgemegini dowam etdirýär

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” ozal habar berşi ýaly, geçen hepdäniň ahyrynda ABŞ-nyň dollarynyň “gara bazardaky” kursy birden 6,5-7 manat bolanlygyndan 9 manada çenli ýokary galdy.

Şol bir wagtda,ýurtda walýutanyň gytçylygy duýulýar, dollary hakykatd...

Dowamy »

276 0
Köneler, garagumly111 tarapyndan 7 years ago

Garaşsyzlyk gününde ähli edara-kärhanalaryň, guramalaryň ýolbaşçylary gije-gündiz nobatçylyk eder

Garaşsyzlyk gününde ähli edara-kärhanalaryň, guramalaryň ýolbaşçylary gije-gündiz nobatçylyk eder

25-nji oktýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň mejlisini geçirip, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi baýram etmäge görlen taýýarlyk bilen bagly meselelere seretdi. Bu baýramçylyk ýurtda 27-nji oktýabrda bellen...

Dowamy »

136 0
Köneler, garagumly111 tarapyndan 7 years ago

Setirlem ezilse duýgylamdandyr....



Owadan, päkize arzuw-hyýala
Meň ýüregim üýtgemejek watandy.
Bu gün şol paşmadyk arzuwlam üçin,
Öz çagalyk ýyllarymdan utandym.

Uzak menzilleriň külpeti hakda,
Dek bäş ýyl owalam etmändim pikir.
Ýöne ýamanlaryň duşuşy ýaly,
Oňatlaram duşdy, Hudaýa şükür!

Şükür, ý...

Dowamy »

1740 0
Köneler, OrazM tarapyndan 7 years ago

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli 1636 tussagyň günäsi geçildi

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli 1636 tussagyň günäsi geçildi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” karara gol çekdi.

Karara laýyklykda, günäsi geçilen raýat...

Dowamy »

149 0
Köneler, garagumly111 tarapyndan 7 years ago

Men seni şeýle bir söýesim gelýär...

Men seni şeýle bir söýesim gelýär,
Ýylydasym gelýär sowukly gyşda.
Ýalňyz wagtyň, bolup men seniň hemraň,
Saýawan bolasym gelýär ýagyşda.

Men seni şeýle bir söýesim gelýär,
Bagş edesim gelýär tutuş dünýäni.
Garaňkylyk gurşap alaýsa ýoluň,
Ýagtyldasym gelýär, misli Gün ýaly.

Men...

Dowamy »

1355 0
Köneler, Nazaryyett tarapyndan 7 years ago

Öwrensin

Ýyldyzlar ýaldyrap, ýanyp-öçmäni,
Guwlar tans oýnaýyp, täsin uçmany,
Ýeller emaý bilen öwsüp geçmäni,
Seniň näzli ýöreýşiňden öwrensin.

Agaçlar, ýapraklar reňkin almany,
Şybyrdaşyp, şirin owaz çalmany,
Asmanda Gün çykyp, nurun çaýmany,
Seniň mährem ýylgyrşyňdan öwrensin.

Uzyn d...

Dowamy »

1131 0
Köneler, Nazaryyett tarapyndan 7 years ago

Men goşgy ýazaryn, ýazaryn aýdym...

Men goşgy ýazaryn, ýazaryn aýdym,
Daglaryň başyna ýetirip waspyň.
Megerem tapmaryn sen deý gözeli,
Söksem-de zeminiň üstüni-astyn.

Men goşgy ýazaryn, ýazaryn aýdym,
Säherler şemala tutup ýüzümi.
Eger duýgularym bir deňiz bolsa,
Şol mawy deňiziň sensiň özeni.

Men goşgy ýazaryn,...

Dowamy »

1210 0
Köneler, Nazaryyett tarapyndan 7 years ago

Nahili düşündiriş berersiñiz?

Tàk baýlygym senli günleñ lezzeti,
Tàk baýlygym senli günleñ ezýeti.

Dowamy »

1799 0
Köneler, OrazM tarapyndan 7 years ago