Meň ejem sowatsyz, Goşgam okanok, Garaňky geçmişiň gören emrini, Gözem kütelipdir, halam dokanok. Bize bagyşlapdyr bütin ömrüni. Ine ençe ýyldyr otursak-tursak, Şol bir sowalyny eşidýän ýene: "Nirede işleýäň?!" Giňeýä gursak. Ene, janym ene, Mähriba ene. Dünýäde hiç kimde ýok nazar bilen, Seredýär sedasyz jigerbendine. Nädip bu gün seni begendireýin, Ene, mähribanym, imanym ene. Goşgy ýazýan, Bäşga kärim ýok meniň, Geçenim, geljegim, bagtym goşguda. Manysy ýok maňa goşgusyz günüň, Öwezini bermez şanyň köşgi-de. Ol pikire gidýär, süzülýär gözi, Ene ýüregini aýnada görseň! Ünji ody siňen ýygyrtly ýüzi, Gülsün diýip, şirin janyňy berseň! Ýazsaň maňlaýynyň gasyn-gatyny, Hiç zat diýmese-de häzir ol maňa. Okaýan ýüreginiň syrly hatyny, "Men näme diýeýin, jan oglum saňa? Ýigrimi ýyl bäri şol ýazýan bolsaň, Irginsiz aýlanyp, il gezýän bolsaň, Elbetde, ynsana gerekdir goşgy, Abraý bersin-dä, gözümiň yşgy!" Meň ejem, sowatsyz, goşgam okanok. Okasaň, diňleýär barlygy bile. Ömrüniň azaby azalýan ýaly, Käte kitabymy alanda ele.