Säher çygy gursagyma uranda, Bilmedim, näm üçin ýatlaýan seni?! Arzuwdaky düýşlerimi ýoramda, Bilmedim, näm üçin ýatlaýan seni?! Ýagtyldyp ýer ýüzün şapak doganda, Öwseninde güýzüň gussaly ýeli, Oturup, oýlanyp hyýal dagynda, Bilmedim, näm üçin ýatlaýan seni?! Kakanda gapymy şol ak garly gyş, Synlap tebigatyň belent-pesini, Birdenem duýdansyz ýagaýsa ýagyş, Bilmedim, näm üçin ýatlaýan seni?! Ýazyň gelenini buşlanda guşlar, Aýlanda gülleriň ysy bu seri. Unudup bar zady, çekilip burçda Bilmedim, näm üçin ýatlaýan seni?! Ýakyp ýandyranda tomusyň howry, Gyzgyn ýüregimiň pynhan sesini, Çetleşip hemmeden diňlesem ogryn, Bilmedim, näm üçin ýatlaýan seni?! Gezekli-gezegne geçende pasyl, Aýlar aýlanyp dur, günler dogup dur. Hemmesin bir ýere jemlesek, asyl, Tutuş bir adamyň ömri bolup dur. Durmuş öz çarhyny edende öwrüm, Sensiň yazgydymyň ajap eseri. Diýmek saňa bagly bu tutuş ömrüm... DÜŞÜNDÜM, näm üçin ýatlaýan seni! ⓒ Perhat H.