Gözlerim gözlerňi görmek islese...

Gözlerim gözlerňi görmek islese,
Eşitmek islese gulaklam sesiň.
Ýürek kapasadan çykyp bir pursat,
Uçsa ganat kakyp belendi-pesi.
Şulaň ählisine sebäpkär sensiň,
Gelmez göz öňüme bagtymam sensiz!

Garalsa bulutlar, öwüsse şemal,
Ýagyş suw-sil etse bu daň säherim.
Täsir etmez maňa, çünki...

Dowamy »

1015 0
Köneler, 6 years ago


Men seni şeýle bir söýesim gelýär...

Men seni şeýle bir söýesim gelýär,
Ýylydasym gelýär sowukly gyşda.
Ýalňyz wagtyň, bolup men seniň hemraň,
Saýawan bolasym gelýär ýagyşda.

Men seni şeýle bir söýesim gelýär,
Bagş edesim gelýär tutuş dünýäni.
Garaňkylyk gurşap alaýsa ýoluň,
Ýagtyldasym gelýär, misli Gün ýaly.

Men...

Dowamy »

1253 0
Köneler, 6 years ago


Öwrensin

Ýyldyzlar ýaldyrap, ýanyp-öçmäni,
Guwlar tans oýnaýyp, täsin uçmany,
Ýeller emaý bilen öwsüp geçmäni,
Seniň näzli ýöreýşiňden öwrensin.

Agaçlar, ýapraklar reňkin almany,
Şybyrdaşyp, şirin owaz çalmany,
Asmanda Gün çykyp, nurun çaýmany,
Seniň mährem ýylgyrşyňdan öwrensin.

Uzyn d...

Dowamy »

1022 0
Köneler, 6 years ago


Men goşgy ýazaryn, ýazaryn aýdym...

Men goşgy ýazaryn, ýazaryn aýdym,
Daglaryň başyna ýetirip waspyň.
Megerem tapmaryn sen deý gözeli,
Söksem-de zeminiň üstüni-astyn.

Men goşgy ýazaryn, ýazaryn aýdym,
Säherler şemala tutup ýüzümi.
Eger duýgularym bir deňiz bolsa,
Şol mawy deňiziň sensiň özeni.

Men goşgy ýazaryn,...

Dowamy »

1100 0
Köneler, 6 years ago


Zalymmydyň sen?!


Sebäpsiz söýgüniň oduna ýakyp,
Agladyp öldüren, zalymmydyň sen?!
Ýa adyňy ykbalyma ýazdyryp,
Söýgüden okadan, alymmydyň sen?!

Ykbal bilen, ýaryşdyryp ozduryp,
Erkim alyp, hem janymy syzdyryp,
Duýman durkam, durmuşymy tozduryp,
Gözlerimden ýiten salgymmydyň sen?!

Yşgyň ü...

Dowamy »

999 0
Köneler, 6 years ago


Ýatlama, sebäbi söýüpdim seni!

Her gün ýatlamaga esas tapsaňam,
Ýatlama, sebäbi söýüpdim seni.
Ýalňyşyp, birdenkä adym tutsaňam,
Ýatlama, sebäbi söýüpdim seni.

Gara gözleriňde ýaşlar kepände,
Gelin bolup, öýme bolsa depäňde,
Özge ýigit yaňagyňdan öpende,
Ýatlama, sebäbi söýüpdim seni.

Razy bolanyňda ykbal oý...

Dowamy »

1173 0
Köneler, 6 years ago


Köpden bäri sen geleňok ýanyma...

Köpden bäri sen geleňok ýanyma,
Iň bolmanda hyýalymda gelsediň.
Garap-garap sen çekilen "a:ýnama",
Saňa neneň garaşýanym bilsediň.

Ümsümlik — töwerek, bolsa-da şowhun,
Maňa gyzygam ýok, şol bolýan gohuň,
Gelsediň, görsedim, gelermiň bahym?!
Köpden bäri sen geleňok ýanyma.

Diňe...

Dowamy »

1021 0
Köneler, 6 years ago


Menden gaty görüp, öýke etme, ýar

Menden gaty görüp, öýke etme, ýar,
Belki, oňuşarys öýke-kinesiz?!
Seni ynjydaýsam daňym atmaýar,
Ukymam tutanok, uzak gijesi.

A:ýam ýylgyranok, maňa öňki deý,
Ýyldyzlaňam reňki biraz öçügsi.
Tukatlyk, ümsümlik hem garaňkylyk —
düşüp barýar, ýüregme şu üçüsi.

Hany, öňki şuwlap s...

Dowamy »

994 0
Köneler, 6 years ago


Gijäň rahat bolsun!

Gijäň rahat bolsun. Gowuja düýşler,
Öpüp maňlaýyňdan arzuwlap saňa.
Seni bela-beter, her hili güýçden,
Tä ýetýänçäm, ajap säherli daňa,
Oturaýyn, başujyňda goraglap,
Emaý bilen saçjagazlaryň darap.


Oturaýyn, synlaýyn men bir salym,
Göreçlermiň öňündäki bagtymy.
Al rahat, her bi...

Dowamy »

1246 0
Köneler, 6 years ago


Saňa bolan söýgimdir...

Ertir saba-säher sag-aman örseň,
Bu-da meniň saňa bolan söýgimdir.
Gijeler süýjüje düýşleri görseň,
Bu-da meniň saňa bolan söýgimdir.

Maňa beren, şol bäş mintlik rugsadyň,
Oturyp, ýada salan pursadyň,
Sanjylaýsa, birsyhly çep gursagyň,
Bu-da meniň saňa bolan söýgimdir!

Ýazan ha...

Dowamy »

1034 0
Köneler, 6 years ago


Aşyk men

Ýylgyranda, müñ gözele taý gelýän,
Güleninde, çyn ýüreginden gülýän,
Seredende, ýürejigimi dilýän,
Şol bakanja gözleriñe aşyk men.

Edep-terbiýesine haýran men, haýran,
Seni wasp etmäge bilbilem saýrar,
Bolsagam ara daş, ikimiz aýra,
"Ýok, ýok" diýen, sözleriñe aşyk men.

Bar meň...

Dowamy »

1122 0
Köneler, 6 years ago


Kakamjan!

Ýolda yzda gabat gelsem kä ýarym,
Ýüzi nurly, çuň nazarly, saçam çal.
Digläp gidýär bütin süňňüm şol wagt,
Saňa meňzeş adamlara, kakamjan!

Olar göýä tanaýan dek ogluňy,
Geçer-gider ýylgyrypjyk çalaja.
Görse adam ogly ejizlär eken,
Özgelerde zar mährini, kakamjan!

Men olary tutu...

Dowamy »

1139 0
Köneler, 6 years ago


Ýene ýagyş ýagdy...

Ýene ýagyş ýagdy şäherimizde,
Ezlip ýörün sen hakda aýdym aýdyp.
Bir wagtky tutaşan aprel o:duny,
Belki, şu damjalar söndürer öýdüp.

Hawa, aýdym aýdýan, göýä şahalar,
Yraň atýar, maňa düşünýän ýaly.
Hamana diýersiň asfalta damýan,
Damjalaram sazyn çalýan mysaly.

Ine-de şemalam...

Dowamy »

1088 0
Köneler, 6 years ago


Mähribanym, güler ýüzüň solmasyn!

Deňiz ýakasynda şapak mysaly,
Mähribanym, güler ýüzüň solmasyn.
Ýazlara öwür sen, her bir pasyly,
Mähribanym, güler ýüzüň solmasyn.

Döräp älemgoşar, ýagyşly günler.
Ýylgyr, ýylgyrşyňa açylsyn güller,
Sensiň tebigatyň bägüli, dilber,
Mähribanym, güler ýüzüň solmasyn.

Şatlan, şat...

Dowamy »

1157 0
Köneler, 6 years ago


Näm üçin ýatlaýan seni?

Säher çygy gursagyma uranda,
Bilmedim, näm üçin ýatlaýan seni?!
Arzuwdaky düýşlerimi ýoramda,
Bilmedim, näm üçin ýatlaýan seni?!

Ýagtyldyp ýer ýüzün şapak doganda,
Öwseninde güýzüň gussaly ýeli,
Oturup, oýlanyp hyýal dagynda,
Bilmedim, näm üçin ýatlaýan seni?!

Kakanda gapymy şo...

Dowamy »

1796 0
Köneler, 6 years ago