Bir gün içhlerini döküşdi dostlar, Futbol oýnamakdy käri olaryñ. Durmuş,futbol,söýen ýarlary hakda, Söhbete başlady bary olaryñ. Birinjisi diýdi söýgüli ýarym İçginräk seretseñ Messä meñzeýär. -O näili meñzeýar diyende dosty: -ýeke özi on adamy aldaýar. Indi ikinji dost söze başlady: -Meniñ söýýän gyzym meñzeş Puýola. -O naili meñzeýar diyende dosty: -Ol şeýle gaýduwsyz münse hyýala. Bulañ üçünjisi söze başlady: -ýarymda Mourinýoñ gylyklary bar. Eger oñ göwnüne ýarap bilmeseñ Onda derrew başga bilen çalyşýar. -Doslam meniñ ýarym meñzeş Ronalda, Sähel eliñ degse ol ýatyberýär, şonda-da ýüz bermän el uzatmasañ, öñküsidek turup ol gidiberýär. -Men meñzedýän arap futbolçysyna, Ýar gylygy şeýle pikir döredýär, ýatmalsyna ýatýar,o gylygy daş Emma welin wagty uzaga çekýär. -Wahh sizinki gowy oñuşyberiñ, Suareze meñzeş meniñ söýenim. Dişleýä gahary gelen pursaty, şoñ üçin birkemsiz edýän diýenin. -A meniñ söýenim juda howuply, Men ony meñzedýän kemsiz Torrese. Men bilen işi ýok özi ylgap ýör, Haýsy ýerde kimler,köpräk pul berse. -Barcaly futbolça mahsus gylyklar, Jemlenipdir meniñ söýen ýarymda. İsle gowy günde ýa-da kyn günde Ol gidenok mydam meniñ ýanymda. Hemmä nesip etsin şeýle wepaly, Bersin şeýle aýal Hudaý berse-de. Gorelde almaly gylyk köp görseñ? Bu gunki gün haýran edýän Barcada.