Yanky postdated goshgym goymak yatdan cykypdyr ine bu AZIADA 17 (2017) Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, Sport abraýynyň galýan gününde, Türkmen türgenleri uly hyjuw, joşgunda, Sabyr takat bilen gelen, Aziada 17 (2017). ***** Sentýabryň 17-ne bat aldyň, Jemi 10 günläp dillere dolduň, Dowam eden günleň abraýa galdyň, Uly abraýyň eýesi, Aziada 17 (2017). ***** Aziýanyň türgenlerini jemläp sen, Mähirli “hoş geldiň” sözün sözläp sen, Iň gujurly, ezwer türgen saýlap sen, Saýlow bilen geçen, Aziada 17 (2017). ***** Arkadagymyzyň serpaý ýapmagy, Bize peşgeş berlen täze kitaby, Sport abraýynyň has hem galmagy, Saňa bagly boldy, Aziada 17 (2017). ***** Sende netijeli wakalar boldy, Türkmen türgenleri dillere doldy, Umumyhasap bilen ýeňiji boldy, Abraýyny saklan, Aziada 17 (2017). ***** Uly abraýy bilen 89 gyzyly, Uly hyjuw bilen 70 kümüşi, Uly umyt bilen 86 bürünji, Adymyza ýazdyran, Aziada 17 (2017). ***** Hormatly Arkadag uly ynam berdi, Şol ynam bu günki gün ýerine düşdi. Aziadaň şanyna ýazan kitabyn berdi, Buýsançly sözler bilen, Aziada 17 (2017). ***** Tomus derin dökeniň, Gyş gazany gaýnaýar. Abraý üçin azap edeniň, Gadyryny bilen, Aziada 17 (2017). ***** Bize gelip artdyrdyň sen, Türkmen sportynyň abraýyn, Sagaman bar diýýäris, sen Aziada 21-e, Aziada 17 (2017). ***** 2010 noýabryň 5-ne gurluşuga başlandy, Alimpiýa şäherçämiz 157 ga ýerleşdi, Türgenlerimiz 21 görnüş bilen bäsleşdi, Gözelligiň bilen, Aziada 17 (2017). Hydyrow Akmyrat