Deňiz ýakasynda şapak mysaly, Mähribanym, güler ýüzüň solmasyn. Ýazlara öwür sen, her bir pasyly, Mähribanym, güler ýüzüň solmasyn. Döräp älemgoşar, ýagyşly günler. Ýylgyr, ýylgyrşyňa açylsyn güller, Sensiň tebigatyň bägüli, dilber, Mähribanym, güler ýüzüň solmasyn. Şatlan, şatlanmaga esaslar ba:rka, Bagtlysyň! Bagt depäňde du:rka, Ykbal her ädimňi eltýärkä bagta, Mähribanym, güler ýüzüň solmasyn. Ga:ndyr, tebigaty mähiriň bilen, Ýagtylt, bu älemi säheriň bilen, Bu dünýä seň ýylgyrşyňda jemlenen, Mähribanym, güler ýüzüň solmasyn. Aý a:şar, ýyl aşar, köp wagt aşar, Belki-de ýüzüňe ýygyrtlar düşer, Şonda-da, sargydym: ýylgyryp başar! Mähribanym, güler ýüzüň solmasyn. © Perhat. H

Köneler, Nazaryyett tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir