Salam
salam
ÇAGA - NESIL DOWAMATY
Yurdumyzda körpe nesliň sagdyn, abadan maşgalada dogulmagy, sagdyn ösüp-ulalmagy, asylly terbiýe almagy, geljekde akylly, düşünjeli, giň gözýetimli, sowatly adam bolup ýetişmegi üçin ähli çäreleriň döredilenligi, ýaş nesil hakyndaky aladanyň ýokary derejä çykandygy hemmä mälimdir.
Çaganyň dogulmagy maşgala durmuşynda dabaraly ýagdaýdyr, ene-...
АBṢ dоllаry öňki bаhаsyndа sаklаnyp galdy
Geҫen ẏylyň güẏz paslynyň soňky aẏlarynda we ẏylyň ahyrynda hаlkyň аrаsyndа 2016-нјy ẏylyň ẏanwar аẏynyň 1-dеn başlap, АBŞ dоllаrynyň bаhаsynyň milli mаnаdа bоlаn gymmatynyň öňküdеn ẏokаrlаnjakdygy bаrаdа birnäҫе ẏalаn gürrüňlеr ҫykyp başlady. Bu ẏalаn gürrüňlеrе gulаk gаbаrdanlar hem tapylyp, bаnklаrdа belli bir derejede dоllаr üҫin nobatlaryň dör...
Birinji gar bilen gutlaýan
Walẏuta alyş-ҫalyşygy: esassyz aladalar.Walẏuta alyş-ҫalyşygy: esassyz aladalar
Hemmelere mälim bolşy ýaly, ýurdumyzdaky banklarda häzirki wagtda ABṢ-nyň dollarynyň nagt görnüşinde satylyşy togtadyldy we bu ẏagdaẏ tötänleẏin däl. Ҫünki dünẏä bazarynda ҫig nebitiň bahasynyň barha aşak düşmegi sebitiň beẏleki ẏurtlary bilen bir hatarda biziň ẏurdumyza hem bir derejede öz täsirini ẏetirdi.
Muňa garamazdan, häkimiẏetler ta...
TERBIÝÄNIŇ MILLI NUSGASY «Döwlet guşy» romanynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti
Parasatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romanynda ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek meselesi eseriň başyndan tä ahyryna çenli esasy orunda durýar. Milli ruhda terbiýelemek bolsa, romanda beýan edilýän wakalardan görnüşi ýaly, çagalary halkymyzyň ruhuna, aňyna, kalbyna siňen, nesilden-nesle geçen akaba esasynda terbiýelemekdir. Eserde terbiýäniň mi...
Aşgabat şäheriniň elektrik üpjünçiligi has gowlandyrýandygyny gözýetirmek bolýar
Aşgabat şäheriniň çäginde gurlup, ulanmaga berilýän döwrebap durmuşy we medeni ähmiýetli binalaryň sany barha köpelip, şäher gün-günden özgerýär. Şol bir wagtyň özünde ilatyň durmuş üpjünçiligi ýokarlanyp, hojalyklarda elektrik togy bilen işleýän enjamlar giňden ulanylýar. Bu bolsa, elektrik energiýasynyň sarp edilşiniň barha artmagyna getirýär. Şo...
GÜNDOGARYŇ GÖWHERI
Türkmenistan baý taryhy we ruhy-medeni mirasyny ösdürmek hem-de dünýä çykarmak üçin uly mümkinçilikler döredýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary bilen, Mary şäheriniň 2012-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty, 2015-nji ýylda bolsa türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi-de munuň aýdyň mysalydyr.
Taryhyň dürli döwürlerind...
ÄLEME MEŞHUR OGUZ ATLARY
Beýik Garaşsyzlyk türkmen bedewiniň örüsiniň giňemegine, şan-şöhratynyň öňküden-de artmagyna giň ýol açdy. Bu gün ahalteke bedewiniň gözelligine, ýelden ýüwrükligine bütin dünýä haýran galýar. «Ahalteke bedewi - biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda aýdylyşy ýaly: «Adamzat siwilizasiýasynyň taryhy bilen aýakdaş bolan ahalteke bedewi ençem...
Ýurdumyzda raýatlarymyzyň iş üpjünçiligi gowulandyrylýar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gün-günden gülläp ösýän we uly gurluşyk meýdançasyna öwrülen eziz diýarymyzyň ähli künjeklerinde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen dünýä ülňülerine laýyk getirilip gurulýan dürli maksatly desgalaryň hatary barha artýar, welaýat we etrap merkezlerimiziň hem-de obalarymyzyň binagärlik keşbi has-da gözel...
"ÇILIMSIZLIK" DEREJESINI GAZANMAGYŇ NETIJELI USULLARY
Temmäki adamlaryň durmuşyna aňsatlyk bilen ornaşýan we şol bir wagtda öz ulanyjylaryny ýuwaşlyk bilen öldürýan serişdedir. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) hasabatyna görä, temmäki-сilim her ýyl 5 million adamyň ölümine sebäp bolýar. American Cancer Society guramasynyň görkezmelerine görä, çilimiň tüssesinde 7000-den gowrak zäherli him...
Çilimkeşlige we neşekeşlige garşy göreş
Türkmenistanda il-ýurt bähbitli maksatnamalary amala aşyrmak bilen bir hatarda halkyň saglygyny goramak hem-de ony mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça-da möhüm işleri durmuşa geçirilär. Ykdysadyýetde, medeniýetde, syýasatda, saglyk we bilim ulgamlarynda alyp barylýan asylly işleriniň ählisi Türkmenistanlylaryň ýaşaýyş durmuşynyň täze belentlikl...
Salam talyplar
kiss 4 u all
Talyplar hökman okaň ýörite siz üçin:
Sapaklarmza tayarlanmk ucn, okamak ucin; bir yylda 365 gun bar we sholardan 52si bazar gunlere dogry gelya, 313 gun galya. Yazda jokrama yssy 50 guni hem hasaplap ayyrsak, 263 gun galya. Her gun 8 sagat yatyan bolsak, hasaplanynda jemi 122 gun bolya 1 yylda. Sheylelik bln 141 gun galya. Her gun 1 sagatjyk tw goryan bolsak, ya da umuman ozumize wagt...
ASTANABABA TÜRBESI
(XII-XVII asyrlar) (Lebap welayaty)
Ýerli ilat kä ony Astanababa mazary diýip, kä bolsa iki dogan Zeýdaly we Zuweýdalynyň hem-de olaryň aýallarynyň - Gyzlarbibi mawzoleýi diýip hem atlandyrýarlar. Bu mazar hakynda birnäçe rowaýatlar bolup, olaryň birinde şeýle diýilýär : “400 ýyl mundan ozal Balhyň hökümdary ibn Aly...
ALAMBERDARYŇ TÜRBESI
(XI asyr)
Atamyrat (Kerki) şäherinden 12 kilometrlikde Muitasiriň türbesi ýerleşýär. Ýerli ilat ony Alamberdaryň ýa-da Alamdar tugçynyň - “baýdak göterijiniň” mazary diýip atlandyrýar. Rowaýata görä ol halyf Alynyň harby serkerdesi bolupdyr. Rowaýatda şeýle diýilýär : “Bir gezek Alamberdaryň nökerleri çölde suwsuzlykdan horlanypdyr....
“Oguzkent” myhmanhanasy
Myhmanhana “Buig” kompaniýasy tarapyndan gurulýar. Bahasy 270 million ýewro barabar bolan bäş ýyldyzly myhmanhana ýokary derejedäki myhmanlary kabul etmek we iri halkara maslahatlaryny geçirmek üçin niýetlenilen häzirki zaman, özboluşly myhmanhana toplumyndan ybaratdyr. Myhmanhananyň ajaýyp binasy häzirki zaman binagärliginiň öňdebaryjy gazananlary...
Bagt köşgi
Bitarap Türkmenistan şaýolunyň we Oguzhan köçesiniň kesişýän ýerinden 1,5 kilometr demirgazykda ýerleşýär.
Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan “Polimeks” türk gurluşyk kompaniýasy tarapyndan gurlan “Bagt köşgüniň” binagärlik keşbi özboluşlydyr. Umumy meýdany 38 müň inedördül metrden gowrak bolan 11 gatly bina üç basgançakly...
Türkmenistana getirilýän harytlaryň hili berk gözegçilige alnar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Türkmen döwletiniň Baştutany soňky wagtda ýurdumyza beýleki döwletlerden aýry-aýry ýaramaz hilli harytlaryň getirilişiniň artandygyny aýtdy.
Şoňa görä-de, döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Mejlisiň Başlygyna bilelikde ýurdumy...
Habar beriş serişdeleri üçin
2016-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda «Interfaks» habarlar agentligi resmi saýtynda «gepleşiklere ýakyndan gatnaşan biriniň» maglumatlaryna esaslanyp, «Gazpromyň» «Türkmengaza» 2016-njy ýyl üçin şertnamalaýyn arakesme etmegi teklip edendigi baradaky habary ýaýratdy.
Şunuň bilen baglylykda, «Türkmengaz» Döwlet konserni berlen bu ma...