Parasatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romanynda ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek meselesi eseriň başyndan tä ahyryna çenli esasy orunda durýar. Milli ruhda terbiýelemek bolsa, romanda beýan edilýän wakalardan görnüşi ýaly, çagalary halkymyzyň ruhuna, aňyna, kalbyna siňen, nesilden-nesle geçen akaba esasynda terbiýelemekdir. Eserde terbiýäniň millilik meselesine aýratyn üns berilmeginiň sebäbi ýaş nesil tutuş halkyň geljegi, dowamaty bolup durýar. Muňa eseriň baş gahrymany Mälikguly Berdimuhamedowyň çeper keşbi arkaly aýdyň göz ýetirip bolýar. Ata Watana bolan çuň söýgi, röwşen geljege bolan mizemez ynam Mälikguly Berdimuhamedowyň ýüreginde gaýnap-joşýar. Ol heniz dördünji synpda okaýarka, öz synpdaşlaryna görelde bolup, düýe bilen ýer sürýär, galla oragyna gatnaşýar. Obadaşlaryna ýandak ýygnamaga kömek edýär. Özüniň gündelik borçnamasyny aňryýany bilen berjaý edýär. Tylda ulular bilen deň durup işläp, öz asylly zähmeti bilen adamlaryň kalbynda ýeňşe bolan beýik ynamy döredýär. Mälikguly Berdimuhamedow ata Watanyna bolan çäksiz söýgüsini özüniň goşgulary bilen hem beýan edýär. Onuň goşgularyny diňlän zähmetkeşleriň kalby joşýar, ýeňşe bolan ynamlary has-da berkeýär, zähmet çekmäge höwesleri artýar. Kyn günde il-güne ruhy taýdan goldaw bermek, adamlara elinden gelýän ýardamyny etmek, il içinde ýagşylygy ýaýmak ýaş Mälikgulynyň baş maksadyna öwrülýär. Ol garawsyz galan maşgalalara odun, ot getirip berýär. Heniz çagalykdan saýlanmadyk Mälikguly bilen baglanyşykly bu wakalar onuň kiçijik gerdenine has agyr ýüküň düşendigine, ýöne Mälikgulynyň ol ýüküň pälwanlarça hötdesinden gelendigine şaýatlyk edýär. Ýaş nesle ahlak terbiýesini bermegiň gözbaşy zähmetsöýerlikdir. Munuň beýany eseriň bütin süňňünden eriş-argaç bolup geçýär. Şoňa görä-de «Döwlet guşy» romanynyň ýaş nesli ählitaraplaýyn terbiýelemekde ähmiýeti bimöçberdir. Öz kakasy bilen zähmetiň dürli görnüşlerine gatnaşmagy Mälikgula ulularyň zähmetini ýakyndan synlamaga, olary talabalaýyk ýerine ýetirmegiň şertlerini içgin öwrenmäge mümkinçilik döredýär. Bu bolsa ýaşajyk Mälikgulynyň zähmetde bişişmegine, wagtyndan öň ekabyrlanmagyna, her bir işe kämilleşmegine getirýär. Eserde Berdimuhamet Annaýewiň öz ogly Mälikgula zähmetsöýerligiň beýik nusgasyny görkezendigi hem durmuş wakalarynyň üsti bilen aýdyň suratlandyrylýar. Bu bolsa biziň her birimize çagalarymyza ýaşlykdan zähmete höwesi döretmegi, zähmetsöýerligi öwretmegi durmuş ýörelgämize öwürmelidigimizi ündeýär. «Döwlet guşy» romanynda şeýle jümleler bar: «Ýokary çetdäki mellek beýleki iki mellekden görnetin parhlanýar», «Çetenden edilen agylyň arkasynda-ileri tarapda ýorunjalaryň, ýandaklaryň basylyşyndan, biraz aňyrrakda ot-çöpleriň aşa tertipli goýluşyndan, mellegiň çilleriniň endigandygyndan, daş işigiň arassalygyndan, iki ojagyň gapdalynda bir gujak odunyň jaýlaşykly durşundan çen tutsaň, bu öýde tertipliligi, arassaçylygy gowy görýän, şony hem saklaýan asylly, tertipli maşgalanyň ýaşaýandygyny bilmek bolýar. Hakykatdan hem bu öýde ýaşaýan kişi bihal adam däldi. Ol şu obanyň 6-njy doly däl orta mekdebiniň direktory Berdimuhamet Annaýewiň öýüdi». Şu ýerde Berdimuhamet Annaýewiň keşbi arkaly tertip-düzgün, ykjamlyk, arassaçylyk, maşgala terbiýesi ýaly asylly häsiýetleriň ündelýändigi görnüp dur. Romanda uruşdan galmaga mümkinçiligi bolsa-da, Berdimuhamet aga harby wekillige baryp, fronta gitmek üçin haýyş edýär. Ejesi Ogulbäbek eje bolsa beýik ýeňşiň hatyrasyna özüniň altyn-kümüşden edilen gymmatly şaý-seplerini Goranmak fondyna tabşyrýar. Munuň özi Berdimuhamet aganyň, Ogulbäbek ejäniň ähli zatdan Watanyň asudalygyny, halkyň erkinligini üstün goýýan beýik adamkärçilikli ynsanlardygyna güwä geçýär. Ata-baba dowam edip gelýän däplere ser salsak, ýaş nesliň milli terbiýesinde ýaşululara hormat goýmak meselesiniň esasy orunda durýanlygyna doly göz ýetirýärsiň. Muny romandaky Mälikgulynyň we onuň deň-duşlarynyň ulular bilen gatnaşygynda görmek bolýar. Romany okaýan adam gymmatly öwüt-ündewleriň, durmuş pentleriniň dünýäsine aralaşýar. Muňa aşakdaky setirleri okanyňda hem göz ýetirmek bolýar: «Özüňden bir aýlyk ula-da «siz» diýmeli, «aga» diýmeli. «Siz» diýlende «aga-ini» diýlende adamyň mertebesi hatyrasy artýar». Halk biri-birini hatyralamagy, mertebelemegi adaty ýörelgä öwrende uly-uly derejelere ýeter, bagtly ýaşar. Mälikguly Berdimuhamedow kakasynyň: «Köp zatlaryň açary hormatdyr hem sylagdyr» diýen pendini berk ýadynda saklaýardy hem-de bu pentde durmuş süýjüligini duýýardy. «Ýaşulusy bolmadygyň, ýaşkiçisi bolmaz», «Ulusyny sylan beg bolar, begini sylan - ýeg», «Ulyny aglatmak kiçä ýaraşmaz», «Uly ýokmy - ulama bardyr», «Pederleriň ýörelgesi ýaşlara görelde» ýaly pähimleri döreden türkmen halky ýaşuly nesle hormat duýgusyny terbiýelemekde dessura öwrülen ýörelgeleri ýyllaryň dowamynda kämilleşdirip gelipdirler. Bu ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýändigi ýaşajyk Mälikgulynyň öz mähriban kakasynyň nusgalyk pentlerine eýermeginde aýdyň ýüze çykýar. Bular bolsa eserde ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly milli ýörelgelerimize eýerilendigini görkezýär. Muňa mysal edip, raýon wekili Hanmyrat Geldimämmedowyň kolhoz başlygy Mody aga edepsizlik bilen «Mody» diýip ýüzlenende, Mälikgulynyň saklanyp bilmän: «Mody» diýmeli däl, «Mody aga» diýmeli. Özüňden ula «sen» diýmeli däl, «siz» diýmeli» diýip, ýaşynyň uludygyna garamazdan çagaça pikirlenmegi başarmaýan raýon wekiline düzediş berşini görkezmek bolýar. Türkmen halkynyň milli terbiýesi hakynda söz açylanda, sowat öwrenmek, ylymly-bilimli bolmak ýaly wajyp meselelere aýratyn üns berilýändigine doly göz ýetirýärsiň. Türkmen halky hemişe öz çagasynyň sowatly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ynsan bolup ýetişmeginiň aladasyny edipdir we bu ýörelgäni nesilden-nesle miras goýupdyr. «Döwlet guşy» romanynda Mälikgulynyň aýratyn zehinli, düşbi, okamagy, öwrenmegi söýýän, bilim almaga höwesli oglandygy görkezilýär. Eserde kakasyny fronta ugratjak wagty «Kakasy oňa gowy okamagy öwran-öwran sargyt edip gitdi. Mälikgulam söz berip galdy. Okar. Hökman gowy okar. Hiç wagt sapagyndan gijä galmaz!» diýen jümleleri mysal bolup biler. Romanda asylly maşgala terbiýesini, ata pendini özüne ýörelge edinen Mälikguly oba ýaşulularyna aýratyn hormat goýýar. Kakasyny fronta ugradyp, okuwyna howlugyp gelýärkä öňünden Mody aga çykan wagty özüni alyp barşy onuň ýaşululara bolan belent hormat-sarpasyny has äşgär ýüze çykarýar: «Mälikguly hernäçe howlugýan hem bolsa, ýoluň gyrasyna çykyp durdy. Ýoldan ýaşuly geçip barýan bolsa, ýaşkiçi gyra çykyp, butnaman, edep saklap durmaly, edep bilen salam bermeli. Ýaşuly geçip gidenden soň ýoluňy dowam etdirmeli. Mälikguly hem edebi saklady: ýoluň gyrasynda durup, kolhozyň kontorasynyň öňünde görenem, salam berenem bolsa, ýene başlyga salam berdi». Mälikguly Berkeli aganyň öýüne baranda, onuň aýaly Näzik ejäniň hem-de ogly Hangulynyň deňine düşege myhlanyp ýarawsyz halda ýatandyklaryny görýär. Berkeli aga nebsi agyrýar, kömek edesi gelýär. Şu ýerde Mälikgulynyň nusgalyk milli terbiýesiniň aýratynlyklarynyň ýene biri açylyp görkezilýär. Ýaşlygyna garamazdan, ol Hangula ikinji täze ömri başlamaga, goja zeminiň üstünde bagtyny tapmaga, durmuşy söýüp ýaşamaga ruhy goldaw berýär, oňa hat-sowat öwredýär. Kakasyndan galan «Zöhre-Tahyr» dessanyny wagtlaýynça Hangula berýär. Bu bolsa hassanyň göwün guşuny ganatlandyrýar, sagalmaga ynam döredýär. Ondan başga-da näsag ýatan Ýazly aganyň halyndan habar almaga barmagy, öz bagynda biten almadan ýörite hassa eltip bermegi türkmeniň öňden gelýän hatyra edebiniň bir nusgasydyr. «Döwlet guşy» romanynda Mälikgulynyň her bir hereketi türkmen halkynyň milliliginiň özboluşly öwüşgini bolup, eseriň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Onuň watansöýüjiligine, zähmetde taplanýandygyna, şahyrana kalbyna, ýaşaýşa, daş-töwerege bolan garaýşyna guwanýarsyň. Mälikguly raýon merkezinde kakasynyň «Türkmen sen», «Ak derek», öz ýazan «Uruş bolmasyn», «Ýeňiş biziňki bolar» goşgularyny okap berip, fronta barýan adamlaryň kalbynda ýeňşe bolan ynam, synmaz ruhubelentlik döredýär. Şu ýerde ýene-de bir aýratyn bellemeli zat, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 23 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Baş drama teatrynda «Döwlet guşy» romanynyň esasynda goýlan spektaklyň görkezilmegi tutuş halkymyzy begendirdi. Mälikguly aganyň uruş döwrüniň kynçylykly pursatlarynda başdan geçiren wakalary, hereket edýän gahrymanlary bilen ylalaşykly gatnaşyklary, ýeňşe bolan ynamy spektaklyň tomaşaçylarynda uly täsir galdyrdy. Kalplaryny ýagşylyk nuruna gaplan tomaşaçylar terbiýäniň milli nusgasyna öwrülen şeýle ilhalar eserleriniň köp bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!
TERBIÝÄNIŇ MILLI NUSGASY «Döwlet guşy» romanynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti
-
Enkam
6 years ago
- Mañada düzmä gerek) köp sag boluñ!
kitap 8 years ago- mana su temadan duzme gerek: 2016-njy yyl mirasa sarpa goymak watany ozgertmek yyly