Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gün-günden gülläp ösýän we uly gurluşyk meýdançasyna öwrülen eziz diýarymyzyň ähli künjeklerinde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen dünýä ülňülerine laýyk getirilip gurulýan dürli maksatly desgalaryň hatary barha artýar, welaýat we etrap merkezlerimiziň hem-de obalarymyzyň binagärlik keşbi has-da gözelleşip, raýatlarymyzyň ýaşaýyş–durmuş derejesi barha ýokarlanýar. 2015-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň dabaraly maslahatynda eden çykyşynda Hormatly Prezidentimiz hemişelik Bitaraplygymyzyň 20 ýylynyň dowamynda ýurdumyzda umumy bahasy 117,3 mlrd. ABŞ-nyň dollaryna barabar bolan desgalaryň we binalaryň gurlandygyny, şol sanda 250 sany zawod-fabrikleriň, 187 sany hassahanalaryň we bejeriş-sagaldyş merkezleriniň, 394 sany dürli mekdepleriň, 310 sany çagalar bagynyň, 94 sany medeniýet edarasynyň, 39 sany ýokary derejeli myhmanhanalaryň, ministrlikleriň we pudaklaryň 70 sany edara binalarynyň, jemi 26 mln inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlarynyň, elektrik we gaz geçirijileriniň, howa menzilleriniň, demir we awtomobil ýollarynyň müňlerçe kilometriniň we ençeme täze köprüleriň gurlup, ulanylmaga berlendigini uly buýsanç bilen belläp geçdi. Olaryň gurlup, ulanmaga berilmegi bilen müňlerçe raýatlarymyza täze iş ýerleri döredi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde raýatlarymyzyň iş bilen üpjünçilik meselesi elmydama üns merkezinde saklanylýar we Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary netijesinde halkymyzyň iş üpjünçiligi yzygiderli gowulandyrylýar. Muňa bir mysal hökmünde, Hormatly Prezidentimiziň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň we Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidentiniň gatnaşmaklarynda 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda asyryň iri taslamasynyň we ägirt uly ähmiýetli gurluşyklarynyň biri bolan Türkmenistan–Owganystan–Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berilmegini görkezip bolar. Ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre barabar we umumy uzynlygy 1814 km bolan bu gaz geçirijisiniň gurulmagy netijesinde, biziň ýurdumyzda we doganlyk Owganystan döwletinde 12 müňe golaý goşmaça iş orunlary dörediler, munuň özi ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna oňaýly täsir eder we goňşy owgan halky bilen dostlugy öňküdenem berkider. Şeýle hem 2015-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkan welaýatynda ýurdumyzyň iri gaz känlerini bir bitewi gaz geçiriji ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi dabaraly ýagdaýda açyldy. Uzynlygy 800 kilometre golaý, ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metr we umumy bahasy 2 milliard 500 million ABŞ-nyň dollary bolan “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de çalt depginler bilen ösdürmäge itergi bermek bilen birlikde, täze iş orunlarynyň döredilmegi netijesinde sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejeleriniň ýokarlanmagyna hem giň mümkinçilikleri döretdi.