Beýik Garaşsyzlyk türkmen bedewiniň örüsiniň giňemegine, şan-şöhratynyň öňküden-de artmagyna giň ýol açdy. Bu gün ahalteke bedewiniň gözelligine, ýelden ýüwrükligine bütin dünýä haýran galýar. «Ahalteke bedewi - biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda aýdylyşy ýaly: «Adamzat siwilizasiýasynyň taryhy bilen aýakdaş bolan ahalteke bedewi ençeme asyrlaryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwatyny, ýyndamlygyny, gözelligini we akyllylygyny ýitirmän gelýär». Gadymy oguz rowaýatlarynda, eposlarynda, ertekilerinde bedew bilen baglanyşykly dürli meňzetmeler ulanylypdyr. Olar üçin at iň elýetmez we gymmatbaha baýlyk hasaplanylypdyr. Gadymy ýazuw ýadygärliklerinde türkmen atlary barada ýygy-ýygydan agzalyp geçilýär. Türkmen halkynyň Oguz-Orhon ýazgylarynda, «Gorkut ata» eposynda, Mahmyt Kaşgarlynyň «Lugat at-türk» atly kitabynda guwançly hem buýsançly jümleler köp duş gelýär. Nakyla, atalar sözlerine öwrülen pikirler, pähim-paýhaslar halkyň ýadynda gowy hem uzak wagtlap saklanýar. «Gorkut ata» eposyndaky at bilen baglanyşykly «At aýagy ýüwrük, ozan bilen çäwük bolar», «Namart ýigit ata müne bilmez, mününçä münmeýese ýeg», «At işlemese är öwünmez» ýaly ençeme nakyllardyr atalar sözleri halkymyzyň gadym döwürlerden bäri atşynaslyga uly ähmiýet berip gelendigine şaýatlyk edýär. Mahmyt Kaşgarlynyň ady agzalan kitabynda atçylyga degişli sözler mynasyp orun alýar. Sözlükde atlaryň jynslaryna, ýaşlaryna, daş görnüşlerine, endamyndaky alamatlaryna görä atlandyrylyşyna degişli sözleriň uly toplumyna düşündiriş berilýär. Irki döwürlerde oguz türkmenleri heniz münülmedik taýy «tosun», iki ýaşan taýy «sip», dört ýaşan aty «ök at» diýip atlandyrypdyrlar. Atlaryň endamyndaky alamatlara görä, olara şeýle atlar berlipdir: böwürleri ak bolan at «bogrül», ýüzi ak, gözleriniň töweregi gara bolan at «kaşga» ýa-da «peçeli», alnynda ak bolan at «ugur», boýnunda ak reňk bolan at «baýmul», aýaklarynda sekil bolan at «bül», çakyr gözli at «çakyr» diýlip atlandyrylypdyr. Bu kitapda atlaryň ýetişdirilişi, olara at dakylyşy, kesellän wagty olaryň keseliniň bejerilişi, oguz türkmenleriniň tohum atlary ýetişdirmekdäki ussatlyklary, atlaryň söweşlerde uly hem ygtybarly güýç, batyr ýigitlere ýakyn ýoldaş bolandygy barada gyzykly maglumatlar berilýär. Bütin dünýäde çapylýan bedew atlaryň ähli görnüşleriniň, şol sanda arap, iňlis atlarynyň hem ahalteke bedewlerinden gelip çykandyklary barada taryhy maglumatlar bar. Bedew tebigatyň, Ýaradanyň türkmen halkyna bagyş eden elýetmez peşgeşidir. Olar bedew ata çäksiz sarpa goýýan milli Liderimiziň uly aladasy bilen gurşalyp, özlerine mynasyp şan-şöhrata, dünýä içre meşhurlyga eýe boldular. Baýram Muhammedow