Aşgabat şäheriniň çäginde gurlup, ulanmaga berilýän döwrebap durmuşy we medeni ähmiýetli binalaryň sany barha köpelip, şäher gün-günden özgerýär. Şol bir wagtyň özünde ilatyň durmuş üpjünçiligi ýokarlanyp, hojalyklarda elektrik togy bilen işleýän enjamlar giňden ulanylýar. Bu bolsa, elektrik energiýasynyň sarp edilşiniň barha artmagyna getirýär. Şol sebäpli, ilatyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak üçin, gurulýan binalar bilen bir hatarda elektrik stansiýalary, podstansiýalar, transformator beketleri gurlup ulanmaga berilýär. Ýagny, şäheriň elektrik üpjünçiligini has ýokarlandyrmak maksady bilen Türkiýaňyň «Çalyk Enerji» kompaniýasy tarapyndan şäheriň çäginde gurluşyk işleri alnyp barylýar. Has takygy, kompaniýa tarapyndan täze podstansiýalary, transformatorlary we elektrik geçirijileri gurmak işleri güýçli depginde alnyp barylýar. By kompaniýa bilen bir wagtda, Türkmenistanaň Energetika ministrliginiň degişli gulluklary tarapandan hem paýtagytda uly möçberli gurluşyk işleri amala aşyrylýar. Şol sebäpli hem şäheriň käbir ýerlerinde gurluşyk işleri geçirilende, hünärmen işçileriň we ýaşaýjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, elektrik togy wagtlaýyn öçürilýär. Ýöne, gurluşyk işleri tamamlanandan soň, gurnalan elektrik enjamlary uzak wagtlap gulluk edip, ilat elektrik energiýasy bilen hiç-hili bökdençsiz üpjin ediler. Şeýle-de, şäheriň köçelerine täze, elektrik energiýasyny tygşytly sarp edýän, şol bir wagtda adaty yşyklardan ýagty ýanýan we uzak işleýän elektrik yşyklaryň ornaşdyrylýandygyny aýtmak bolar. Bulardan başga-da, täze gurulýan beketlere ätiýaçdan, ýangyçda işleýän dizel generatorlar ornaşdyrylýar. Bu amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň ilatyny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berer we şäheriň köçeleri gijelerine gündiziň güni ýaly bolar.
Aşgabat şäheriniň elektrik üpjünçiligi has gowlandyrýandygyny gözýetirmek bolýar
-
andayews
8 years ago
- Hmm
myrat94 8 years ago- .