Goşgy okap bersene!

(Seýitmyrat Geldiýewe)

Ýadyma şo-ol şat çagalyk döwrümi
Salar ýaly goşgy okap bersene!
Meniň mydam mähre teşne göwnümi
Alar ýaly goşgy okap bersene!

Gürzüsin aýlanda otly ýyldyrym,
Arş elden gaçyrmyş yşky-bulguryn.
Ýagyrnysyn süýnüp barýan ýyllaryň
Çalar ýaly goşgy okap bersene...

Dowamy »

798 2
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

Sen dünýäde dirikäň...

Syr berip, jan alşanym,
Sensiz dünýe nirikä?
Ölmezlige çalşaryn
Sen dünýäde dirikäň.

Bakman özge zenana,
Sen ylhamym — lirikam.
Işdäm ýok alma-nara
Sen dünýäde dirikäň.

Seň üçin doglandyryn
Şu adamlaň birikäm.
Hemişe oglandyryn
Sen dünýäde dirikäň.
<...

Dowamy »

754 3
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

Ol nähili ezýetler gördikä!?(Bolan waka)

Ol nähili ezýetler gördikä!?(Bolan waka)


Agşam-ara takmynan sagat 17:00 töweregi ýadaw bolup işden gaýdyp barýardym. Gün gözýetimde gyzyl şapak bolup görünýär. Aswalt ýoluň ugry bilen awtobus duralga pyýada ýöräp başladym. Hiç-hili howlukmaçlyk döretmän gulagymda nauşnikde aýdym-saza hiňlenip barýardym. Bir çatryga golaýlany...

Dowamy »

862 5
Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago

Hijran...

Seniň päkligiňe, päkizeligňe
Ynanjym şeksizdir,
ynamym hakdyr!
Çünki men hemişe, nirde bolsamam,
Seniň islegiňe, göwnüňe bakdym.

Sorap-idemedim töwerek-daşdan,
Ýa bildirmedimem çekýänim zaryň.
Ynha, bu gün ýene armanym süýräp,
Şol hoşlaşan ýerimize barýaryn.

Bu ýer maňa...

Dowamy »

671 0
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

Pifagor barada 15 sany iñ gyzykly faktlar 1-nji bölüm

Taýýarlan:@Agashka
1)Pifagoryň kakasy daş kesiji bolupdyr
2. Pifagor dünýä inmezden ozal kakasy özüniň Beýik Adam boljakdygyny bilýärdi. Muny görüji öňünden aýdypdy.
3.Pifagor 18 ýaşynda dogduk adasyny terk edip, diňe 56 ýaşynda gaýdyp geldi.
4. Pifagoryň ady teoremasy bilen meşhurdyr. Bu adamyň bu iň uly üstünligi. Pifa...

Dowamy »

887 5
Edebiýat, Söhbet Abdullaýew tarapyndan 3 years ago

“Açylmadyk dünýädiň sen meň üçin...”

Açylmadyk dünýädiň sen meň üçin,
Men sende juda kän, kän syry gördüm.
Şonda-da her gezek ýylgyran çagyň
Syrly ýylgyrşyňy gowluga ýordum.

Gündizlermi pida edip yşkyňa,
Gijelermi saňa gurban berdim men.
Ýöne muňa ökünmedim hiç haçan,
Garaşanmy oňatlyga ýordum men.

Baharda açylan...

Dowamy »

863 11
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

Ýalan söýgi

Men seni şeýle bir söýdüm ahry.
A sen bolsa wagt üçin söýüpdiñ.
Aslynda wagtam gymmat ahry.
Sen bolsa wagtyñam gadyryn bilmediñ.

Aý geçer gün geler yzyny üzmän.
Geler wagt ojogynda toy bolar,
Ýene aylar geçer gününi üzman.
İne Şeýdip senem kaka bolarsyñ.

Kaka bolup, gorarsyn s...

Dowamy »

769 8
Edebiýat, Ahmedik_97 tarapyndan 3 years ago

Soňky kararym.

Soňky kararym
Ýene-de gam, gussa, şol öňki dert,
Ýapyşdym galama, şol dostum mert.
Kalbyň ýanýan, alowlaýan –oduny,
Bir ýana sowmaly, şol soňky şert.

Adaýyn soňkymy, bolaýyn mert,
Emma aýdyp bilemok, gerdende dert.
Nätseňem aýtmaly, bir ýan gaýtmaly,
Başga alajy ýok, iň soňky şert.

Dowamy »

679 10
Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago

Musa Pygamber we Ezraýyl perişde.

Musa Pygamber we Ezraýyl perişde.

Musa pygamber, uly işler bitireninden soň esli-ýyllar aşypdy. Ýyllar Musanyň saçlaryny-sakallaryny gowy agardyp, gowy garradan. Şondada her-bir işde adamlara peýdaly bolmak üçin jan-çekip, Musa agyr-agyr işleri hem edibererdi. Şeýle günleriň birinde Musa pygamber öz-öýleriniň üçeginde gurt(süzmeden...

Dowamy »

809 0
Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago

Abdul Kadyr Geýlany we Perişde-pisint.

Abdul Kadyr Geýlany we Perişde-pisint.

Köplere öz asylzadalygy we pirligi bilen tanalýan Abdul Kadyr Geýlany, günlerde bir gün kitap okap oturan mahaly, onuň üstüne oňa kölege berip uly bulut gelipdir. Soňra bolsa bu bulut, Alla tarapyn dil açyp:
- Eý Allahyň guly, merhemetli Abdul Kadyr Geýlany! Allah seniň merhemetligiňi...

Dowamy »

734 2
Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago

Aşygam

Baldan datly söýgülim,
Men günäli aşygam.
Jennet ysly söýgülim,
Men jezaly aşygam.

Gamly düşner halyma,
Agram düşdi janyma,
Janym düşün zaryma,
Men günäli aşygam.

Bagtym sensiň, näzli ýar,
Sensiz maňa dünýe dar,
Şatlyk,gülki sende bar,
Gülkiňe zar aşygam....

Dowamy »

656 1
Edebiýat, nekrasow tarapyndan 3 years ago

Aglaryn

Ukusyz geçirsem tümli gijäni,
Ukudan däl, sensiz galsam aglaryn.
Şatlykdan doldursam durmuş bijäni,
Şatlykly gün sensiz bolsam,aglaryn.

Bahar gelse, görki arka atlanyp,
Dostlar gelse,gülki bile şatlanyp,
Aýdym aýtsam, söýgi bile gaplanyp,
Aýdymlary sensiz aýtsam,aglaryn.

Gaha...

Dowamy »

690 8
Edebiýat, nekrasow tarapyndan 3 years ago

Эже

Her gun sapak,gyzaranda gun yasyp.
Eje sesin gelyar cagyryan oye
Hyyalymda corek dograp,tabaga
Agsamlyk edinyas sen bn bile.

Gonsy cagalaryn cakylygyna,
Gitmek ucin oynamaga bukuldym,
Sana yalbaryaryn,dusyar yadyma
Olary yatlamak,gowy hemem kyn.

Ondan bari yyllar kerwen gurapdy...

Dowamy »

763 0
Edebiýat, Aristokratka_a tarapyndan 3 years ago

Günäden doly ýürekden çykan sözler...

GÜNÄDEN DOLY ÝÜREKDEN ÇYKAN SÖZLER...

Eý, merhemetlileriň Merhemetlisi! Halymy Saňa beýan edýän, duýgularymy diňe Sen bilýäň. Ýene bir gezek ak ýürekden Seniň gapyňa geldik. Medet ber, eý, ähli halymy bilen Rebbim! Senden uzak bu günlerde hiç kimiň kömegi ýetmedi, ahy-nalamyzy eşidip söýgi bilen el uzadanam bolmady, diňe aýralyk bile...

Dowamy »

800 6
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

Çagalykdan görüp gelýän günlerim.(Gitara aýdym)

Çagalykdan görüp gelýän
günlerim.(Gitara aýdym)

Gaharyma baryp aldym neşämi,
Ejem girdi düýşüme eli mäşeli:
- Näme balam mydam agzyň neşeli!?-
Sekiz ýaşdan görüp gelýän günlerim.

Mekdebime aýak ýalaň gatnadym,
Türme içinde şol günleri ýatladym,
Aglap-aglap gijelerine ýatmadym,<...

Dowamy »

1783 5
Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago

Mynasypmy? Barladyk! 6

Mynasypmy? Barladyk! 6
Umyt sen men ýok gyzyň al-alkymyndan mylaýym sypalamak üçin, elini gyza tarap uzatdy. Gyz tisginip yza çekildi. Umyt ýene öňe süýşip elini gyzyň akja-gyzylja ýaňaklaryna golaýlatdy, gyz bu gezek gymyldamady. Umyt ellerini göýberip, sypalamak niýetinden ýüz öwürüp, bir az aňry süýşip gam-laýyna batyp:
- Sen hiçwa...

Dowamy »

805 5
Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago

Dogan harplar

Günlerde bir gün harplar üýşüp, özara jedele giripdirler. Olaryň hersi özüni iň gerekli harpdyryn öýdüp, döşüne kakyp öwnüpdir.
— Araňyzda iň ulyňyz mendirin! — diýip, «A» harpy magtanyp, orta çykypdyr. 
— Çünki men ilkinji bolup dünýä indim. Beýlekilerem ondan kem galmandyrlar-da: «Men-de, men!» bolşup, ýerli-ýerden galmagal turzupdy...

Dowamy »

899 5
Edebiýat, Korolewa tarapyndan 3 years ago

Kitap we altyn hakynda

Kitap we altyn hakynda

Alym gije-gündiz dürler saçypdyr,
Söwdagär bir kaşañ dükan açypdyr.

Akyl-huşun jemläp ýazypdyr alym,
Söwdagär il aldap, bozupdyr pälin.

Kitabyñ yzyndan döräpdir kitap,
Söwdagär baýapdyr, il içi tütäp...

Alym wagt gelip ýogalan ahyr,
Söwdag...

Dowamy »

794 1
Edebiýat, Korolewa tarapyndan 3 years ago

Mynasypmy? Barladyki! 5

Mynasypmy? Barladyki! 5
+Häzir eşigimi çalşaýyn. - diýip çala gynançly köp begençli eje, ýol şaýyny tutundy. Umyt bolsa telewizor gören boldy, aýdym diňlän boldy, ýöne weli begenjinden öýe syganokdy. Ine şeýdip mähriban ejesi ýola düşdi. Diýilen adresa baryp gapyny kakdy. Gapyny rus egin-başly ulurak bir aýal açdy:
-Salam, siz kim!? -...

Dowamy »

791 8
Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago

Aýzek Azimow - Olar uçup gelmezler (hekaýa)

Durmuş tejribelerinden paýhas derejesine ýeten Rigellian jynsynyň wekili Naron, dördünji nesil galaktikasynyň ýyl ýazyjysydy.

Iki kitaby bardy: biri, ähli galaktikalardaky köp sanly aňly jandarlaryň siwilizasiýalarynyň sanalan uly kitabydy; ikinjisi has kiçi bolup, Galaktikalar federasiýasyna girmäge hukugy bolan derejede ösen we özl...

Dowamy »

738 8
Edebiýat, Khanture tarapyndan 3 years ago