Ol nähili ezýetler gördikä!?(Bolan waka)


Agşam-ara takmynan sagat 17:00 töweregi ýadaw bolup işden gaýdyp barýardym. Gün gözýetimde gyzyl şapak bolup görünýär. Aswalt ýoluň ugry bilen awtobus duralga pyýada ýöräp başladym. Hiç-hili howlukmaçlyk döretmän gulagymda nauşnikde aýdym-saza hiňlenip barýardym. Bir çatryga golaýlanymda, ol çatrykdan ýene özümýaly bir oglan çykyp, ýoluma goşulup, olam meniň ugrum bilen öňümden ýöräp başlady. Ol menden 20 ädimdagy öňde barýardy. Şol ýöräp barşymyza men ýene 40 ädim öňümizde uly-äpet-epeý alabaý-itiň köçede gezip ýörenini görüp, howatyrlanyp ýöreýşimi peseltdim. Emma öňümdäki barýan nätanyş oglan bolsa, hiç-zat bolmadykýaly ýöreýiş tizligigini hiç üýtgetmedi. Ahyry ol nätanyş oglan ite has golaýlap başlady. Men, ol oglan barada "Itden çekinip beýleden aýlanyp geçer, menem oň ýörän ýolundan aýlanaryn" diýen pikir edip, ol oglanyň yzyndan gelişime içimden gürledim, ýöne ýok... Nätanyş oglan ýöräp baryşyna gös-göni ol alabaýyň gapdalyna has golaýlady. Beýle zada garaşmadyk alabaý hem oglana tarap dikanlap ylgap başlady. Men bu ýagdaýy synlap sakga durdum, ol oglan kördür öýüdip men oňa "Dur heý, it gelýä, gaç bärik" diýip gygyrdym. Ol nätanyş oglan hiçzada, itede, maňada ünsüni çekmän şol pyýada ýoluny dowam edip barýar. Ol nätanyş oglan, itiň gapdalyna 5 ädimdagy golaýlanynda alabaý göni ol oglanyň arkasyna böküp topulup, dalaýan äheňde ses çykardy. Beýle zady "Häzir ol it oglany görerýaly etmez, gan-gabarçak eder" diýip nä-alaç synlapdyrmakdan başga çäräm bolmady. Ýöne geň zat... Ol oglan ylgamady, ýa gorkýan ýaly hereketler etmedi, diňe öňküsi ýaly ýöremegini dowam ediberdi. It ol oglanyň aýagyny çeýnemäge başlady, oglan aýaklaryny silkip-silkip ýene ýöräpbarýar. Meň aklym haýranagalýar. Ol daýaw it, oglan üçin ýöne bir siňekýaly. It janaweriň-özi daşyndan utanyp gyra çekilýänýaly bolup, ýoluň aňry gyrasyna geçip, özünden daşlaşýan oglany synlap duruberdi. A oglan bolsa... Hiçzat bolmadykýaly, hiçzat duýmadyk robotýaly öz ýoluny dowam etdi. Bu bolan waka aňymdan hiç uçmaýar. Ahyrynda "Beýle itiň topulmasy, dişlemesi, üýrmesi-hyrryldamasy täsir etmezýaly, oglan nähili ezýetler gördükä!?" diýen soragy öz-özüme beräýmek galdy.



Awtor: IDEALLIDER. Şu mowzugy awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerlerde paýlaşmak gadagan edilýär.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir