Soňky kararym
Ýene-de gam, gussa, şol öňki dert,
Ýapyşdym galama, şol dostum mert.
Kalbyň ýanýan, alowlaýan –oduny,
Bir ýana sowmaly, şol soňky şert.
Adaýyn soňkymy, bolaýyn mert,
Emma aýdyp bilemok, gerdende dert.
Nätseňem aýtmaly, bir ýan gaýtmaly,
Başga alajy ýok, iň soňky şert.
Söýdim men bägüli, tikeni bilen,
Wah şonuň tikeni, ýüregmi dilen.
Sanardan köp, söýgim aýdan günlerim,
Emma ony bir Allah hem-de men bilen.
Söýgiň waspyn edip saýran dillerim,
Indi bolsa söýgiden nalan dillerim.
Ömrümde bir gezek çyndan söýipdim,
Emma ol söýdimi, bilip bilmerin.
Ynandyňmy ýa-da ynanmadňymy,
Onçasyn özüm hem aňyp bilemok.
Emma seň ugruňda ylgan ýüregmiň,
Ahy – zaryn sen hem, duýup bileňok.
Eger seni söýmeýän bolsady ýürek,
Bu jebri – jepany duýmasa gerek.
Emma nätjek mende ejizje ýürek,
Süýgi ummanynda aýlaýar kürek.
Sen bolsa söýgimi duýmaga derek,
Biperwaý garaýaň, ynamsyz gerek?!
Emma şuny pikir etmegiň gerek,
“Söýmese saýramaz, bu juwan ýürek.”
Indi bolsa senden soňky islegim,
Seniň kararyňy bilip bilsedim?!
Kapasada duran naçar ýürekde,
Seniň bilen uly arzuw besledim.
Indi goşgyň yzyn ýazman goýýaryn,
Seniň kararyňa karar goýýaryn.
Eger söýýän diýseň, eser ýazýaryn,
Eger söýmen diýseň şuny diýýärin:
“Kalbymyň çetinde, söýgim gömýarin,
Unutma hemişe, seni söýýärin!”
20.04.2021.ý.
Ç. BAÝLYÝEW.
Soňky kararym.
-
Hercai
3 years ago
- mlds
-
Yylgyn
3 years ago
- Gowy eken
Aýgül
-
Korolewa
3 years ago
- Kimka ol))
-
Korolewa
3 years ago
- Shol onki aydanynmy?
-
yashalym
3 years ago
- Shol onki aydanynmy?
-
MrOKaS
3 years ago
- Poýeziýa üçin çekiçlemeli ýerleri kän emma aýdym ýa rep üçin bolar.
-
LadaKalina.
3 years ago
- Menem repmika oytdim basdaky 2 topbagy okap
-
™Serdar™
3 years ago
- Bogun sanlaryňy dogurlap ýazsaň gowy bolardy, üstünlik
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Korolewa 1 day ago
Shol onki aydanynmy?
Howwa.))
Yylgyn 3 years ago- "Adaýyn soňkymy, bolaýyn mert,"
Aýdayyn bolmalymy?
"Ynandyňmy ýa-da ynanmadňymy,"
Ynanmadyňmy diýjekdiň?!
"Ýapyşdym galama, şol dostum mert."
Bu setir bolsa ajaýyp!
Молодец!