Roberto Firmino «Barselona» geçmek barada ylalaşyk gazandy
«Liwerpulyň» hüjümçisi Roberto Firmino şu tomus «Barselona» erkin transfer bilen goşulmak barada ylalaşyk gazandy diýip, MailSport habar berýär.
31 ýaşly Firmino 2015-nji ýyldan bäri «Liwerpulyň» düzüminde çykyş edýär. Braziliýaly hüjümçi «Liwerpul» üçin 352 oýun oýnady, 107 gol geçirip, 78 gezek netijeli pas berdi. Firmino "Liwerpul" bilen...
«Ýuwentusa» 15 utugy gaýtarylyp berildi. Klub ýedinjiden üçünji ýere çykdy
Italiýanyň Milli olimpiýa komiteti «Ýuwentusyň» apellýasiýasyny kanagatlandyrdy. Turinli kluba öň jerime alnan 15 utugy yzyna gaýtarylyp berildi.
Ýanwar aýynda «Ýuwentus» Futbol federasiýasy tarapyndan maliýe kezzaplygynda aýyplanyp, 15 utukdan mahrum edildi. Bu temmi çäresi A Seriýanyň iň meşhur klubuny çempionatyň jedwelinde orta zyňdy.
Žoan Laporta: Messi «Barselona» dolanar
«Barselonanyň» prezidenti Žoan Laporta janköýerler bilen söhbetdeşlikde «Pari Sen-Žermeniň» hüjümçisi Lionel Messiniň ýakyn wagtda katalon klubuna gaýdyp geljekdigini aýtdy.
Laporta Ispaniýanyň çempionatynyň 29-njy tapgyrynyň “Hetafe” (0:0) bilen oýnunyň öňüsyrasynda janköýerler bilen surata düşdi we şol bir wagtyň özünde janköýerleriň sorag...
«Milan» 2007-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdy
1/4 final tapgyrynda «Milan» iki oýnuň netijesi boýunça 2:1 hasap bilen ýeňip, Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdy.
Milanda geçirilen birinji duşuşyk «Milanyň» 1:0 ýeňşi bilen tamamlanypdy. Jogap duşuşygynda Neapolda 1:1 hasap boldy.
Pioliniň şägirtleri 2006/2007 möwsümden bäri ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna ç...
«Real» «Çelsini» utup, Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdy
Çempionlar ligasynyň çärýek final duşuşygynyň jogap oýnunda Madridiň «Realy» «Çelsiden» üstün çykdy.
18-nji aprelde Londonde «Stemford Bridj» stadionynda geçirilen duşuşyk myhmanlaryň 2:0 ýeňşi bilen tamamlandy.
Madridli klubuň düzüminde Rodrigo dubl etdi (58-nji, 80-nji minut).
Klublaryň arasyndaky birinji duşuşyk hem «Realyň»...
Gurban Berdiýew “Soçiniň” baş tälimçisi wezipesinden gitdi
“Soçi” futbol kluby özüniň resmi Telegram kanalynda Gurban Berdiýewiň klubuň baş tälimçisi wezipesinden gidendigini habar berdi. Muny championat.com ýetirýär.
Klubuň baş tälimçisiniň wezipe borçlaryny ýerine ýetiriji hökmünde bolsa Dmitriý Hohlow bellendi.
“Soçi” futbol kluby Gurban Bekiýewiçe mundan beýläkki karýerasynda we durmuş ýo...
Zidan, Mourinýu we Ançelotti UEFA-nyň Futbol geňeşiniň düzümine girer
Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) 20 agzadan ybarat Futbol geňeşini döretmek kararyna geldi. Bu geňeşiň düzümine Zinedin Zidan, Žoze Mourinýu we Karlo Ançelotti hem girer. Geňeş oýny ösdürmek boýunça teklipleri düzmek bilen meşgullanar. Bu barada Frans Press habar berýär diýip, rsport.ria.ru belleýär.
Habar berlişi ýaly,...
Argentinanyň milli ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde birinji orny eýeledi
Argentinanyň milli futbol ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde birinji orna çykdy, reýtingiň täzelenen görnüşi guramanyň saýtynda ýerleşdirildi diýip, sport-interfax.ru habar berýär.
Häzirki dünýä çempiony mundan öň ikinji orny eýeleýärdi. Öňki lider, Braziliýanyň milli topary üçünji setire düşdi. Ikinji orna bolsa üçünji orundan Fransiýanyň milli...
Özbegistanda boks boýunça Dünýä çempionatyna 104 döwletiň wekili gatnaşar
104 ýurtdan türgenler Özbegistanda geçiriljek erkekleriň arasyndaky boks boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin hasaba alyndylar. Bu barada Halkara boks assosiasiýasynyň (IBA) metbugat gullugy habar berýär diýip, sport-interfax.ru belleýär.
Umumy alanyňda, 13 agram kategoriýasynda çykyş etmek üçin 640 türgen ýüz tutdy, şol bir wagtyň özün...
Türkiýe "Ýewro 2028"-i we "Ýewro 2032"-ni kabul etmek üçin arza berer
Türkiýe "Ýewro 2028"-i we "Ýewro 2032"-ni geçirmäge dalaşgärligini resmi taýdan yglan etdi.
Türk HBS-ne salgylanýan Trend Türkiýäniň Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapoglunyň degişli resminama gol çekendigini habar berýär. Arza 12-nji aprelde UEFA-a tabşyrylar.
Türkiýäni dalaşgärlige hödürlemek baradaky resminamada stadio...
Jokowiç dünýä reýtinginiň başyna gaýdyp geldi
Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç dünýäniň birinji raketkasy adyny gaýdyp aldy. ATP reýtinginiň täzelenen görnüşi guramanyň saýtynda ýerleşdirildi diýip, sport-interfax.ru habar berýär.
Jokowiç Maýamide geçirilen Masters ýaryşynyň ýarym finalyndan soň çykan ispaniýaly Karlos Alkarasdan öňe geçdi. Netijede, Alkaras ikinji setire düşdi. Üçünji...
AFP: Lionel Messi möwsümiň ahyrynda «PSŽ-ni» terk edip biler
«Pari Sen-Žermen» fransuz futbol klubunyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi möwsüm tamamlanandan soň, klubdan gidip biler. Bu barada sişenbe güni France Press agentligi klubdaky çeşmesine salgylanyp habar berdi.
"Iýun aýynda şertnamasy tamamlanandan soň onuň klubdan gitmek mümkinçiligi has ýokary, ýöne bu gutarnykly karar däl. Täze şertnama...
Nadal we Alkaras Monte Karloda geçiriljek «Masters» tennis ýaryşyna gatnaşmaz
Uly tuwulga ýaryşlarynda erkekleriň arasynda ýekelikde rekord gazanan ispaniýaly Rafael Nadal Monte Karloda geçiriljek Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) “Masters” seriýasynyň ýaryşyna gatnaşmaz. Sişenbe güni bu barada Twitter ýazdy.
Nadal: "Men entek iň ýokary derejede bäsleşmäge taýyn däl. Karýeramdaky iň möhüm ýaryşlaryň b...
Döwletjan Ýagşymyradow Bellator-yň täzelenen reýtinginde altynjy orna çykdy
Garyşyk söweş sungatynyň türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow Bellator-yň täzelenen reýtingindäki ornuny ýokarlandyrdy.
Ýarym agyr agram derejesinde çykyş edýän Ýagşymyradow bir orun ýokary galdy we reýtingde altynjy orny eýeledi.
10-njy martda San-Hose (Kaliforniýa, ABŞ) şäherinde geçirilen Bellator 292 ýaryşynyň çäginde türkmen pä...
Azar La Liganyň iň köp girdeji alýan oýunçylarynyň sanawynda birinji orny eýeledi
Madridiň “Realynyň” ýarym goragçysy Eden Azar Ispaniýanyň çempionatynyň iň ýokary girdeji alýan futbolçysy diýlip saýlandy. Fransiýanyň HBS-niň habar berşi ýaly, belgiýaly oýunçynyň zähmet haky salgytlar aýrylmazdan öň 2,25 mln ýewro barabar. Bu görkeziji boýunça ikinji orny “Barselonanyň” hüjümçisi Robert Lewandowski (2,17 mln ýewro) eýeleýär, ilk...
«Çelsi» Grem Potteri baş tälimçi wezipesinden boşatdy
Londonyň "Çelsisi" Grem Potteri baş tälimçi wezipesinden boşadandygyny mälim etdi. Bu barada klubuň resmi web sahypasynda habar berildi.
Baş tälimçiniň wezipesini Bruno Saltor ýerine ýetirer.
“Klubdakylaryň hemmesiniň adyndan Greme Çelsä goşan goşandy üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys. Greme tälimçi we şahsyýet hökmünde iň uly ho...
FIFA klublara oýunçylary 2026-njy we 2030-njy ýyldaky DÇ-e ibermek üçin bellenilen mukdary aýtdy
Halkara Futbol federasiýasy (FIFA) klublara 2026-njy we 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatlaryna oýunçylary ibermek üçin 710 mln dollar tölär. Bu barada guramanyň saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.
Duşenbe güni Budapeştde FIFA-nyň ýolbaşçysy Janni Infantino bilen Ýewropa klublarynyň assosiasiýasynyň (ECA) başlygy Nasser Al-Helaifi...
Messiniň transfer bahasy 16 ýylda ilkinji gezek 50 mln ýewrodan aşak düşdi
«Pari Sen-Žermeniň» hüjümçisi Lionel Messiniň transfer bahasy Transfermarkt tarapyndan 45 mln ýewro diýlip hasaplandy, oýunçy 2007-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 50 mln ýewrodan pes baha bilen bahalandyryldy. Bu barada sportrbc.ru habar berýär.
Portal Fransiýanyň çempionatynyň oýunçylarynyň bahalary baradaky maglumatlaryny täzeledi. Noýabr aý...
Kriştianu Ronaldu milli ýygyndysy üçin geçiren oýunlarynyň sany boýunça rekord goýdy
Hüjümçi Kriştianu Ronaldu penşenbe güni Portugaliýanyň milli futbol ýygyndysy üçin özüniň 197-nji oýnunda meýdança çykyp, milli topar üçin geçiren oýunlarynyň sany boýunça rekord goýdy. Bu barada TASS habar berýär.
Ronaldu 2024-nji ýylda geçiriljek Ýewropa çempionatynyň saýlama ýaryşynyň birinji tapgyrynyň Lihtenşteýn toparyna garşy oýnunda...
Tuhel Nagelsmana derek «Bawariýanyň» baş tälimçisi wezipesine bellendi
«Pari Sen-Žermen» we «Çelsi» klublarynyň öňki nemes tälimçisi Tomas Tuhel Mýunheniň «Bawariýasy» tarapyndan klubuň baş tälimçisi hökmünde resmi taýdan tanyşdyryldy. Bu wezipä ol Ýulian Nagelsmanyň deregine geldi.
«Bawariýanyň» birnäçe lideri bilen gatnaşyklaryny kynlaşdyrandygy aýdylýan Nagelsmany işden aýyrmak karary klubuň ýokary derejeli...