Agyr agramda dünýäniň öňki çempiony Entoni Joşua (Beýik Britaniýa) bilen agyr diwizionda UFC-niň guşagynyň öňki eýesi kamerunly Frensis Ngannunyň arasyndaky söweş ikinji raundda Joşuanyň nokaut arkaly ýeňmegi bilen tamamlandy. Birinji raundda Ngannu nokdaun ýagdaýyna düşdi. Ikinji raundyň başynda Joşua kamerunly boksçyny ýene-de nokdauna gidirdi, ýöne ol söweşi dowam etdirmäge synanyşdy. Täze nokdaundan birnäçe sekuntdan soň emin söweşi saklady. Ýatlap geçsek, Entoni Joşua bilen söweş Frensis Ngannu üçin ikinji professional boks söweşi boldy. Ol 2023-nji ýylyň başynda UFC-ni terk etdi, 28-nji oktýabrda bolsa WBC-niň agyr agramda dünýä çempiony britaniýaly Taýson Fýuri bilen özüniň ilkinji boks düzgünleri boýunça professional söweşine çykdy. Duşuşyk 10 raund dowam etdi we emin agzalarynyň tapawutly karary netijesinde Fýuriniň ýeňmegi bilen tamamlandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir