Gyrgyzystanyň çempiony «Abdyş-Ata» AFK Kubogynyň 2023/24-nji ýylky möwsüminiň Merkezi zolagyndaky sebitleýin ýarym final tapgyrynyň deslapky oýnunda Taýwanyň «Taýçjun Futuro» toparyny kabul edip, uly hasapda ýeňiş gazandy. Oýundaky gollaryň birine gyrgyz toparynyň türkmenistanly ýarymgoragçysy Teýmyr Çaryýew awtorlyk etdi. Duşuşyk 5:0 hasabynda «Abdyş-Atanyň» peýdasyna tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde Kaýrat Jyrgalbek uulu (14), Ernist Batyrkanow (45+1), Magamed Uzdenow (85), Mirbek Ahmataliýew (87) we Teýmur Çaryýew (90) tapawutlandy. Toparlaryň arasyndaky jogap oýny 13-nji martda Taýwanda geçiriler. Iki oýnuň netijesine görä, ýeňiş gazanan topar AFK Kubogynyň Merkezi zolagynyň sebitleýin finalynda oýnamaga hukuk gazanar. Ýeri gelende bellesek, «Abdyş-Ata» AFK Kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda Türkmenistanyň «Altyn asyr», «Merw» hem-de Täjigistanyň «Rawşan» toparlary bilen bir kwartetden orun alyp, birinji ýer bilen ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir