Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) 2024/2025-nji möwsümden başlajak Çempionlar ligasynyň täze formaty barada düşündiriş berdi. Bu barada guramanyň web sahypasynda habar berilýär. UEFA bu ýaryşda şweýsar ulgamyndan peýdalanjakdygyny aýtdy, oňa laýyklykda, 36 klub hem bir ýaryş sanawynda bolar. Her topar öz meýdançasynda we myhmançylykda dört oýun, umumylykda sekiz oýun oýnar. Ilkinji sekiz klub awtomatiki ýagdaýda pleý-off oýunlaryna gatnaşar, galanlary ýene sekiz ýer ugrunda bäsleşerler. Çempionlar ligasynyň täze formaty barada 2022-nji ýylyň maý aýynda mälim edildi. Şonda esasy tapgyra 36 klubuň gatnaşjakdygy we ýaryşyň bolsa şweýsar ulgamyna laýyklykda geçiriljekdigi habar berildi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir