Ispaniýanyň "Realy" futbol boýunça Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap oýnunda Germaniýanyň "Leýpsigi" bilen duşuşdy. Duşuşyk Madriddäki "Santýago Bernabeu" stadionynda geçirilip, 1:1 hasabynda tamamlandy. "Realyň" düzüminden Winisius gol geçirdi (65-nji minut). "Leýpsig" üç minutdan soň Willi Orbanyň goly bilen jogap berdi. "Realyň" birinji oýunda 1:0 hasabynda utmagy oňa indiki tapgyra çykmaga mümkinçilik berdi. Çempionlar ligasynyň häzirki ýeňijisi "Mançester Siti" öýünde Daniýanyň "Kopengagen" toparyny 3:1 hasabynda utdy. Hosep Gwardiolanyň topary birinji duşuşygy-da şeýle netije bilen tamamlady. Mundan öň Çempionlar ligasynyň dörtden bir finalyna "Bawariýa" we "PSŽ" çykdy. 1/8 finalyň galan dört jübütinde jogap oýunlary 12-nji we 13-nji martda geçer. Dörtden bir finalyň bije çekişigi 15-nji martda bolar. Ilkinji oýunlar 9-njy we 10-njy aprelde, jogap oýunlary 16-njy we 17-nji aprelde geçiriler. Çempionlar ligasynyň finaly 1-nji iýunda Londondaky "Wembli" stadionynda geçer.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir