Türkmen türgenleri Kuala-Lumpurda geçirilen ITF taekwondonyň olimpiýa däl görnüşi boýunça halkara açyk çempionatynda 34 medal eýelediler. Ýaryşa 11 ýurtdan 1500-e golaý taekwondoçylar gatnaşyp, görkezme çykyşlar hem-de tutluşyklar boýunça güýç synanyşdylar. Türkmen türgenleri üstünlikli çykyşlary bilen 19 altyn, 9 kümüş we 6 bürünç medal gazanyp begendirmegi başardylar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir