7-sinden 8-nji marta geçilýän gije UEFA Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň birinji duşuşyklary geçirildi. "Liwerpul", "Roma", "Olimpik" we "Milan" ynamly ýeňiş gazandylar, "Karabah" bolsa "Baýer" bilen oýunda soňky minutlarda ýeňşi elden gidirdi. "Sporting" bilen "Atalantanyň" arasyndaky duşuşyk bir gün öň geçirildi we 1:1 hasabynda tamamlandy. Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň duşuşyklarynyň netijeleri: «Sporting» (Portugaliýa) – «Atalanta» (Italiýa) – 1:1 «Karabah» (Azerbaýjan) – «Baýer» (Germaniýa) – 2:2 «Roma» (Italiýa) – «Braýton» (Angliýa) – 4:0 «Sparta» (Çehiýa) – «Liwerpul» (Angliýa) – 1:5 «Olimpik Marsel» (Fransiýa) – «Willareal» (Ispaniýa) – 4:0 «Milan» (Italiýa) – «Slawiýa» (Çehiýa) – 4:2 «Benfika» (Portugaliýa) – «Reýnjers» (Şotlandiýa) – 2:2 «Fraýburg» (Germaniýa) – «West Hem» (Angliýa) – 1:0 Jogap duşuşyklary 14-nji martda geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir