Fransiýanyň «PSŽ» topary ÝÇL-iň 1/8 final tapgyrynyň jogap oýnunda myhmançylykda Ispaniýanyň «Real» (Sosýedad) toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Toparlaryň arasyndaky deslapky oýunda parižliler 2:0 hasabynda ýeňiş gazanypdylar. Duşuşykda «PSŽ» toparyna ýeňiş getiren gollaryň ikisini hem Kilian Mbappe (15, 56) öz adyna ýazdyrdy. Ýer eýeleriniň düzüminde bolsa Mikel Merino (89) tapawutlandy. ÝÇL-iň ikinji çärýek finalçysy Germaniýanyň «Bawariýa» topary boldy. Mýunhen kluby ýaryşyň 1/8 final tapgyrynyň jogap oýnunda öz öýünde Italiýanyň «Lasio» toparyny 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Oýundaky gollara Garri Keýn (38, 66) hem-de Tomas Mýuller (45+2) awtorlyk etdiler. Toparlaryň arasyndaky deslapky oýun 1:0 hasabynda «Lasionyň» peýdasyna tamamlanypdy. ÝÇL-iň çärýek finalynyň bijesi 15-nji martda çekiler. Çärýek finalyň deslapky oýunlary 9-10-njy aprelde, jogap oýunlary bolsa 16-17-nji aprelde geçiriler. Ýaryşyň finaly 1-nji iýunda London şäherindäki «Uembli» stadionynda oýnalar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir