Transfermarkt dünýäniň iň gymmat 10 ýarym goragçysynyň reýtingini hödürledi
Transfermarkt internet portaly häzirki wagtda dünýäde iň gymmat 10 ýarym goragçynyň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny Madridiň “Realynyň” ýarym goragçysy Jud Bellingem eýeledi. Onuň transfer bahasy 180 mln ýewro bilen bahalandyrylýar diýip, championat.com belleýär.
Ikinji orundan bäşinji orun aralygynda “Baýeriň” hüjümçi ýarym gorag...
Türkmen agyr atletikaçylary Olimpiada-2024-e ýollama almak üçin Phuketdäki dünýä Kubogyna gatnaşýarlar
Türkmenistanly agyr atletikaçylar 2-nji aprelden 11-nji aprel aralygynda Phuketde (Tailand) geçiriljek dünýä Kubogynda medallar we Olimpiýa ygtyýarnamalary üçin bäsleşerler. Ýaryşa 110 ýurtdan 459 türgen gatnaşýar. Olar on erkek we on zenan agram derejelerinde baýrak ugrunda bäsleşerler.
Phuketdäki dünýä kubogy Parižde geçiriljek Olimpiada –...
Türkmenistanda ilkinji gezek sportuň täze fijital görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilýär
2024-nji ýylyň 1-6-njy apreli aralygynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda sportuň täze fijital görnüşleri (physical+digital) boýunça ýaryşlar hem-de Açyk gapylar hepdeligi geçiriler. Bu barada TmCars-a ýokary okuw mekdeb...
Ýewro-2024-iň final tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisi belli boldy
2024-nji ýylyň Ýewropanyň futbol boýunça çempionatynyň esasy böleginde oýnamaga hukuk gazanmak üçin soňky geçiş oýunlary oýnaldy. Ýaryşyň soňky gatnaşyjylary Gruziýanyň, Ukrainanyň we Polşanyň milli ýygyndylary boldy.
Şeýlelik bilen, Ýewro-2024-de şu aşakdakylar oýnar:
A topar: Germaniýa, Şotlandiýa, Wengriýa, Şweýsariýa;
B top...
ABŞ Meksikany utup, yzygider üçünji gezek KONKAKAF Milletler ligasynda ýeňiji boldy
ABŞ-nyň milli futbol ýygyndysy KONKAKAF Milletler ligasynyň finalynda Meksikanyň milli toparyny 2:0 hasabynda utup, bu ýaryşda yzygider üçünji ýeňşini gazandy. Oýun Arlingtondaky (ABŞ) “EýTi-end-Ti Stedium” stadionynda geçirildi.
Gollary hasaplaryna ýarym goragçylar Taýler Adams we Jowanni Reýna ýazdy.
Mundan öň, üçünji ýer ugrundaky...
Saýns Awstraliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Werstappen we Hemilton ýaryş ýolundan çykdy
“Ferrariden” ispaniýaly Karlos Saýns Awstraliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň üçünji tapgyrynyň ýaryşy Melburndaky “Alpert-Park” ýolunda geçirildi.
Saýns topardaşy Şarl Leklerden öňe geçdi.
Bu Saýnsyň karýerasynda ikinji ýeňşi we “Ferrariniň” 2022-nji ýyldan bäri il...
Germaniýanyň milli ýygyndysy Nike bilen şertnamanyň hatyrasyna Adidas bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyny bes eder
Germaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2027-nji ýyldan başlap Nike brendiniň futbol eşiginde oýnar. Germaniýanyň Futbol Assosiasiýasy (DFB) Amerikanyň sport egin-eşik öndürijisi bilen ýedi ýyllyk şertnama gol çekişendigini mälim etdi diýip, Sports.ru habar berýär.
2026-njy ýylyň ahyryna çenli DFB öň baglaşylan şertnama görä, Adidas bile...
Xiaomi Leica kamerasy bolan iň arzan smartfonyny tanyşdyrdy
Täze Qualcomm prosessory, goşa selfi kamerasy we esasy Leica kamerasy bolan Xiaomi Civi 4 Pro smartfony hödürlendi.
Xiaomi Civi 4 Pro egri gyralary, 1.5K durulygy (2750x1236 piksel) we 120 Gs täzeleniş tizligi bolan 6,55 dýuým AMOLED displeý bilen enjamlaşdyrylandyr. Mundan başga-da, iň ýokary ýagtylygyň 3000 nit-e ýetýändigi, Corning Gorill...
Awstriýanyň futbolçysy 6-njy sekuntda gol salyp, milli ýygyndylaryň taryhy rekordyny täzeledi
23-nji martda Awstriýanyň milli ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşygynda Slowakiýany 2:0 hasabynda ýeňdi.
Duşuşygyň altynjy sekundynda Awstriýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Kristof Baumgartner hasaby açdy we milli ýygyndylaryň taryhyndaky iň çalt goluň eýesi boldy. Öňki rekord nemes futbolçysy Lukas Podolskä degişlidi. Ol 2013-nji ýylda Ekwad...
Meksika we ABŞ KONKAKAF Milletler ligasynyň finalynda duşuşar
Meksikanyň we Amerikanyň milli ýygyndy toparlary Demirgazyk we Merkezi Amerikanyň hem-de Karib basseýniniň ýurtlarynyň futbol konfederasiýasynyň Milletler ligasynyň (KONKAKAF) finalynda duşuşarlar.
Ýaryşyň ýarym finalynda amerikalylar goşmaça wagtda 3:1 hasabynda Ýamaýkanyň toparyny ýeňdiler. Ýeňijileriň düzüminde Haji Raýt goşmaça wagtda ik...
IFAB 2025-nji ýylda ofsaýd düzgünini üýtgedip biler
Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) ofsaýdy kesgitlemek düzgünlerini üýtgedip biler we hüjüm edýän toparyň oýunçysy garşydaşynyň soňky oýunçysyndan tutuş bedeni bilen öňde bolan ýagdaýynda muny düzgün bozma hasaplar.
Üýtgeşmeler baradaky başlangyjy «Arsenalyň» öňki tälimçisi we FIFA-nyň futboly ösdürmek bölüminiň häzirki başlygy...
2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde erkekleriň arasynda futbol ýaryşynyň bijeleri çekildi
2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde erkekleriň arasynda futbol ýaryşynyň bije çekişligi boldy.
Dört toparça bölünen 16 ýygyndy toparyň gatnaşmagynda Olimpiýa futbol ýaryşy 24-nji iýuldan 10-njy awgust aralygynda Fransiýanyň ýedi şäherinde geçiriler. Final «Park de Prens» stadionynda bolar.
A topar...
Aýda 1,88 million ýewro. Alaba La Ligada iň köp aýlyk alýan futbolçy boldy
«Realyň» goragçysy Dawid Alaba Ispaniýanyň çempionatynda iň köp aýlyk alýan futbolçy diýlip ykrar edildi. Awstriýaly oýunçynyň, şeýle hem La Liganyň beýleki oýunçylarynyň gazanan girdejisi yglan edildi.
Reýting abraýly fransuz neşiri L'Equipe tarapyndan düzüldi. Onuň maglumatlaryna görä, Alabanyň girdejisi aýda 1,88 million ýewro. Onuň yzynd...
Milli ýygyndynyň kapitany Amanow Eýrana garşy boljak duşuşyk barada pikirini paýlaşdy
Dünýä çempionaty-2026 saýlama tapgyrynyň çäklerinde Eýranyň milli ýygyndysyna garşy geçiriljek möhüm duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow oýunlardan garaşylýan netijeler barada pikirlerini paýlaşdy diýip, milli ýygyndynyň metbugat gullugy habar berýär.
— Eýran bilen geçirjek möhüm oýunlarymyza...
Mingazow milli ýygyndynyň martda geçirjek DÇ-2026 saýlama duşuşyklaryna gatnaşyp bilmez
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow Dünýä çempionaty-2026 ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň mart aýynda geçiriljek duşuşyklarynda çykyş edip bilmez. Bu barada ýurduň milli ýygyndysynyň metbugat gullugy habar berdi.
Habarda futbolçynyň türgenleşik wagtynda şikes alandygy barada aýdylýar. Mingazow gi...
Konor Makgregor duşuşmak isleýän üç söweşijisini aýtdy
Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň irlandiýaly söweşijisi we ýarym ýeňil hem ýeňil diwizionlarda UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor söweşmek isleýän üç garşydaşynyň adyny aýtdy. Bu barada championat.com belleýär.
“Bu, elbetde, Maýkl Çendler. Ol birinji bolup biler. Maýkldan başga-da, Dastiniň ýeňendigini görmek gowy boldy. Dogrymy aýtsam,...
Tim Szýunyň garşydaşy üýtgedi: WBO-nyň dünýä çempiony Sebastýan Fundora bilen söweşer
Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) wersiýasyna görä birinji orta agramda dünýä çempiony awstraliýaly Tim Szýu Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) erkin tituly üçin amerikaly Sebastýan Fundora bilen söweşer. Bu barada No Limit Boxing promouter kompaniýasynyň X sosial ulgamyndaky sahypasyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.
Söweş 30-njy martda...
“Real” bilen “Barselona” tomusda ABŞ-daky ýaryşda duşuşar
Madridiň “Realy” şu tomus ABŞ-daky görkezme ýaryşynda “Barselona” bilen duşuşar.
“Çempionlaryň turnesiniň” resmi saýtynda habar berlişi ýaly, iki ispan klubunyň arasyndaky oýun 3-nji awgustda Nýu-Jersi ştatynda geçiriler. Ýaryşyň beýleki gatnaşyjylary “Mançester Siti”, “Çelsi” we “Milan” bolar. Umuman, alty oýun meýilleşdirilýär we olar Nýu...
Türkmen dzýudoçysy Serdar Rahimow Rigada halkara ýaryşynda kümüş medal aldy
Türkmen dzýudoçysy we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ikinji ýyl talyby Serdar Rahimow Latwiýada Riga Senior European Cup 2024 halkara ýaşyrynda ikinji orny eýeledi.
Dünýäniň 26 döwletinden 300-den gowrak türgeniň gatnaşan bu ýaryş 2024-nji ýylyň 16-17-nji martynda geçirildi.
Serdar Rahimow 66 kg-a çenli agram derejesi...
Gonkongdaky janköýerlere Messiniň oýna çykmadygy üçin öwez tölegi berler
Agence France-Press-niň sosial ulgamlarda paýlaşan habaryna görä, «Inter Maýami» bilen Gonkongyň milli ýygyndysynyň arasyndaky geçirilen ýoldaşlyk oýnuna petek satyn alan janköýerler onuň bahasynyň 50% möçberinde öwez tölegini alarlar.
Ýatlatsak, ýoldaşlyk duşuşygy 4-nji fewralda geçirilipdi.
Gonkongly janköýerler Lionel Messiniň tutu...