Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndy toparlaryň 2026-njy ýyldaky ilkinji sanawyny neşir etdi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy sanawda öňki ornuny saklap, 137-nji basgançakda ýerleşdi. Ýygyndymyz sanawda Filippinleriň (136) we Merkezi Afrika Respublikasynyň (138) arasynda ýerleşýär. Afrika Milletleriniň Kubogy ugrundaky ýaryşdan soň sanawda uly üýtgeşmeler bolup geçdi. Marokko: Dünýäniň iň güýçli 10 toparynyň arasyna girip, 11-nji orundan 8-nji orna çykdy. Senegal: Kontinental birinjiligiň finalynda marokkolylardan üstün çykyp, 7 basgançak ýokary galdy we 12-nji orny eýeledi. Kamerun: Iň uly ösüşi görkezip, 12 basgançak ýokary süýşdi we 45-nji orna ýetdi. Nigeriýa: Iň köp utuk toplan ýygyndy boldy (+79.09). Ekwatorial Gwineýa: Sanawda iň köp aşak düşen ýygyndy boldy (-10 basgançak, 107-nji orun). Dünýä reýtingindäki ilkinji onluk - Ispaniýa, Argentina, Fransiýa, Angliýa, Braziliýa, Portugaliýa, Niderlandlar, Marokko, Belgiýa, Germaniýa. Aziýa zolagynyň (AFK) iň güýçli onlugy: Ýaponiýa, Eýran, Koreýa Respublikasy, Awstraliýa, Özbegistan, Katar, Yrak, Saud Arabystany, Iordaniýa, BAE. FIFA-nyň indiki reýtingi 2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde täzelener. Şol senäniň öňüsyrasynda, 31-nji martda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Tailandyň topary bilen duşuşar. Aziýa kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynyň çäginde geçjek bu oýun ýaryşyň final tapgyryna kimin gidýändigini kesgitleýän iň esasy duşuşyk bolar.