29-njy ýanwara geçilýän gije UEFA Çempionlar ligasynda umumy tapgyryň oýunlary jemlendi. Olaryň netijesinde, Ýewropanyň iň esasy klub ýaryşynyň göni 1/8 finalyna çykan sekiz topar belli boldy. Ýaryş jedweliniň birinji ornuny «Arsenal» topary eýeledi. Londonly klub umumy tapgyryň sekiz oýnunyň ählisinde ýeňiş gazanmagy başaran ilkinji klub boldy. Ol jemleýji tapgyrda Gazagystanyň «Kaýrat» toparyny 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Emma günüň esasy iň dartgynly wakasy Lissabonda bolup geçdi. Bu ýerde Žoze Mourinýonyň tälimçilik edýän «Benfika» topary Madridli «Realy» 4;2 hasap bilen ýeňmegi başardy. Oýnuň netijesinde madridliler umumy tapgyry 9-njy orunda — göni 1/8 finaldan bir ädim aşakda tamamladylar. Portugal kluby bolsa derwezeban Anatoliý Trubiniň goşmaça wagtda uran goly we gazanylan ýeňşiň netijesinde 32-nji orundan 24-nji orna göterilip, pleý-off tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan soňky topar boldy. Ýene bir möhüm habar – Azerbaýjanyň «Garabag» toparynyň üstünligidir. «Liwerpuldan» uly hasap bilen (6:0) ýeňilendigine garamazdan, bu klub soňky on ýylda ÇL-nyň pleý-off tapgyryna çykan GDA ýurtlarynyň ilkinji wekili boldy. Gurban Gurbanowyň şägirtleri umumy tapgyry 22-nji orunda jemlediler we indi utulan-çykdy tapgyrynda oýnarlar. ÇL-niň 8-nji tapgyrynyň netijeleri: «Aýaks» – «Olimpiakos» — 1:2; «Pafos» – «Slawiýa» Praga — 4:1; «Atletik» Bilbao – «Sporting» — 2:3; «Atletiko» Madrid – «Budýo-Glimt» — 1:2; «Brýugge» – «Marsel» — 3:0; «Monako» – «Ýuwentus» — 0:0; «Arsenal» – «Kaýrat» — 3:2; «Aýntraht» Frankfurt – «Tottenhem Hotspur» — 0:2; «Baýer» Lewerkuzen – «Wilýarreal» — 3:0; «Ýunion» – «Atalanta» — 1:0; «Mançester Siti» – «Galatasaraý» — 2:0; «Liwerpul» – «Garabag» — 6:0; «Barselona» – «Kopengagen» — 4:1; «PSŽ» – «Nýukasl Ýunaýted» — 1:1; «Borussiýa» Dortmund – «Inter» — 0:2; «Napoli» – «Çelsi» — 2:3; «Benfika» – «Real» Madrid — 4:2; PSW Eýndhowen – «Bawariýa» — 1:2. Gönümel 1/8 finala çykan toparlar: «Arsenal», «Bawariýa», «Liwerpul», «Tottenhem», «Barselona», «Çelsi», «Sporting» we «Mançester Siti». Bu toparlar utulan-çykdy tapgyryndan soňra belli boljak garşydaşlaryna garaşarlar. Munda umumy tapgyryň netijeleri boýunça 9-njy orundan 24-nji orna çenli ýerleri eýelän toparlar güýç synaşarlar. Birinji sebetdäki toparlar (9-16-njy ýerler): «Real», «Inter», «PSŽ», «Nýukasl», «Ýuwentus», «Atletiko», «Atalanta» we «Baýer». Ikinji sebetdäki toparlar (17-24-nji ýerler): «Borussiýa» Dortmund, «Olimpiakos», «Brýugge», «Galatasaraý», «Monako», «Garabag», «Budýo-Glimt» we «Benfika». Bije çekişligi anna güni, 30-njy ýanwarda geçiriler. Ýaryşyň finaly 2026-njy ýylyň 30-njy maýynda Budapeştiň «Puşkaş Arena» stadionynda geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir