Gazagystanyň wekili, dünýäniň bäşinji raketkasy Ýelena Rybakina möwsümiň ilkinji «Uly tuwulga» ýaryşy bolan Australian Open-iň ýeňijisi boldy. Final duşuşygynda 26 ýaşly Rybakina dünýäniň birinji raketkasy, 27 ýaşly belarusly Arina Sobolenkony 6:4, 4:6, 6:4 hasabynda utdy. Aýgytly üçünji setde Rybakina 0:3 hasaby bilen yza galýardy, emma ol duşuşygyň gidişini öz peýdasyna üýtgetmegi we ýeňiş gazanmagy başardy. Tennisçileriň arasyndaky şahsy duşuşyklaryň hasaby indi Sobolenkonyň peýdasyna 8:7 boldy. 2023-nji ýylda-da olar Australian Open-iň finalynda duşuşypdy — şonda belarusly türgen ýeňiş gazandy. Bu titul Rybakina üçin WTA-nyň ýekelikdäki ýaryşlarynda 12-nji boldy. Ol öz karýerasynda ikinji «Uly tuwulga» ýaryşynda ýeňiji boldy: ozal, 2022-nji ýylda tennisçi «Wimbledonda» ýeňiş gazanypdy. Arina Sobolenkonyň hasabynda 22 sany WTA tituly bar. Ol 2023-nji we 2024-nji ýyllarda Australian Open-de ýeňiş gazandy, geçen möwsümde bolsa finalda amerikaly Medison Kizden utuldy. Şeýle hem belarusly tennisçi 2024-nji we 2025-nji ýyllarda iki gezek US Open-iň ýeňijisi boldy. Australian Open-iň ýeňijisi, takmynan, 2,88 mln dollar, finalçy bolsa 1,149 mln dollar pul baýragyny alýar. Ýaryş 1-nji fewralda tamamlanar, onuň umumy baýrak gaznasy tas 75 mln dollara barabar. Erkekleriň arasyndaky ýekelikdäki ýaryşyň finalynda ispaniýaly Karlos Alkaras bilen serbiýaly Nowak Jokowiç duşuşar.