Kriştianu Ronaldu ýene-de üns merkezine düşdi. Ýöne bu gezek gollary bilen däl-de, dörän gapma-garşylyklar sebäpli düşdi. Portugaliýanyň «A Bola» neşiriniň habar bermegine görä, ýyldyz hüjümçi «Al-Nasryň» «Er-Riýad» toparyna garşy geçirjek nobatdaky duşuşygyna gatnaşmazlygy mümkin. Žurnalistleriň ýazmagyna görä, Ronaldu klubuň dolandyrylyşyndan närazy. Ol möwsümiň iň möhüm tapgyrynyň öňüsyrasynda toparyň düzüminiň güýçlendirilmezligine we transfer işjeňliginiň pesligine garşy çykýar. «Al-Nasr» kluby Saud Arabystanynyň Döwlet maýa goýum gaznasy (PIF) tarapyndan dolandyrylýar. Çeşmäniň maglumatyna görä, Krişiň esasy soraglary hut şu gaznanyň alyp barýan strategiýasy bilen bagly. Transfer bazarynda işjeňlik görkezýän we çempionatda ynamly öňde barýan «Al-Hilýal» topary bilen deňeşdireniňde, «Al-Nasryň» häzirki ýagdaýy pes görünýär. "Al-Nasr" hakykatdan hem düzümi babatda gowşakmyka? Häzirki wagtda klubda Kingsli Koman, Žoau Feliks, Sadio Mane, Marselo Brozowiç we Inigo Martines ýaly dünýä derejeli ýyldyzlar çykyş edýärler. Klubuň ýolbaşçylygyndaky kadr üýtgeşmeleri hem ýagdaýy has-da ýitileşdirdi. «A Bola» neşiri dolandyryş düzümindäki iki sany portugaliýaly wekiliň ygtyýarlyklarynyň wagtlaýyn togtadylandygyny belleýär — bu bolsa toparyň kapitany üçin ýene bir närazylyk dörediji ýagdaý boldy. Ýatladyp geçsek, ýakyn günlerde «Al-Nasr» kluby Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» topary bilen myhmançylykda duşuşar. AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çägindäki ilkinji duşuşyk 11-nji fewralda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçiriler. Jogap duşuşygy bolsa bir hepde soň, 18-nji fewralda Er-Riýadda bolar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir