23-nji ýanwara geçilen gije UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň umumy tapgyrynyň ýedinji oýunlary geçirildi. Onuň netijesi boýunça möhletinden ir 1/8 finala çykmagy kepillendiren ilkinji klublar kesgitlendi. Olar 18 utuk gazanan «Lion» (Fransiýa) we «Aston Willa» (Angliýa) boldy. Bu toparlar ýazky pleý-off tapgyryna çykmagyny kepillendirdi we umumy tapgyryň iň gowy sekiz toparynyň sanawyna-da girer. «Lion» myhmançylykda Şweýsariýanyň «Ýang Boýz» klubuny 1:0, «Aston Willa» bolsa Unai Emeriniň ýolbaşçylygynda Stambulda «Fenerbahçeni» şeýle hasap bilen utdy. Ýene bir gyzykly oýunda «Roma» 2:0 hasabynda «Ştutgartdan» üstün çykdy. Bu ýeňiş rimlilere jemleýji tapgyrdan öň 1/8 finala çykmak üçin göreşde artykmaçlyk berdi. Ýöne häzir toparlaryň ikisi-de, iň bolmanda, pleý-off tapgyryna çykmagyny kepillendirdi. «Şturm», «Reýnjers», «Nissa», «Utreht», «Malmýo» we «Makkabi Tel-Awiw» toparlary bolsa pleý-off üçin göreşmek mümkinçiligini ýitirdi. Ýewropa ligasynyň 7-nji tapgyrynyň netijeleri: · «Bolonýa» — «Seltik» 2:2 · «Ýang Boýz» — «Lion» 0:1 · «Wiktoriýa Plzen» — «Portu» 1:1 · «Fenerbahçe» — «Aston Willa» 0:1 · «Feýenoord» — «Şturm» 3:0 · «Malmýo» — «Srwena Zwezda» 0:1 · PAOK — «Betis» 2:0 · «Fraýburg» — «Makkabi Tel-Awiw» 1:0 · «Brann» — «Mitýulland» 3:3 · «Roma» — «Ştutgart» 2:0 · «Utreht» — «Genk» 0:2 · «Zalsburg» — «Bazel» 3:1 · «Ferenswaroş» — «Panatinaikos» 1:1 · «Dinamo» Zagreb — FKSB 4:1 · «Nissa» — «Gou Ehed Iglz» 3:1 · «Reýnjers» — «Ludogores» 1:0 · «Selta» — «Lill» 2:1 · «Braga» — «Nottingem Forest» 1:0