Täze Kia Sorento Hybrid 2025 hödürlendi: esasy wersiýasy 2300 dollar arzanlady
Kia 2025-nji model ýylynyň Sorento Hybrid-iniň we Plug-In Gibrid-iniň bahalary we komplektasiýalary baradaky maglumatlary çykardy.
IXBT-iň habar bermegine görä, plug-in gibridiniň esasy wersiýasyndan beýleki, köp modifikasiýalaryň bahasy ýokarlandy. Indi EX modifikasiýasy Plug-in Gibrid üçin başlangyç nokat, onuň bahasy 49 365 dollardan başl...
Google kompaniýasy Chrome brauzeri üçin gyssagly täzelenme çykardy
Google kompaniýasy howply gowşaklygy düzetmek üçin Chrome brauzeriniň täzelenmesini çykardy diýip, HelpNetSecurity portaly ýazýar.
Kiberhowpsuzlyk pudagyndaky hünärmenler Chrome-da ulanyjylaryň gurluşlarynda maglumatlara birugsat girmäge, ulgam bökdençliklerine ýa-da uzak aralykdan koduň ýerine ýetirilmegine sebäp bolup biljek CVE-2024-4671...
Apple “akylly gysdyrgyjy” patentledi: gajetde gulaklygyň we smartfonyň aýratynlyklary bar
Apple “ugrukdyrylan sesli dakylýan enjam” - gulaklyklara (nauşniklere) alternatiwa bolup biljek we smartfonlaryň köp aýratynlyklaryny özünde saklaýan kindiwanja gysdyrgyç üçin patent aldy diýip, Mail.ru ýazýar.
Gajet eşiklere dakylýar we dinamikler, mikrofonlar hem-de prosessor bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol ses kömekçisi bilen habarlaşmaga, j...
Ýygna-da, diňläber: LEGO işleýän retro radioly toplum çykarar
LEGO retro stilinde işleýän radioly täze toplumy bildiriş etdi. Toplum 906 bölekden ybarat bolup, ulular üçin niýetlenendir diýip, daniýaly kompaniýanyň resmi web sahypasyna salgylanýan Mail.ru habar berýär.
LEGO Icons seriýasyna goşulan täze önüm 1-nji iýunda satuwa çykarylar. 80-nji ýyllaryň stilindäki radiopriýomnik taryhda yz galdyran dü...
Täze Toyota Camry 2025 öňküsinden has arzan we tehnologiki taýdan ösen bolup çykdy
Iň täze Toyota Camry 2025 diňe bir köp sanly tehnologiki gowulandyrmalara eýe bolman, eýsem, öňküsinden has güýçli hem-de arzan boldy.
IXBT-iň maglumatlaryna görä, esasy üýtgeşiklik - benzin hereketlendirijilerinden ýüz öwrülmegidir - indi Camry 2025-iň ähli modelleri gibrid güýç gurluşy bilen enjamlaşdyrylandyr, ýagny olar 2,5 litrlik benzi...
Ferrari elektromobil üçin ses generatoryny patentledi. Ol içinden ýandyrylýan hereketlendirijiniň sesini ýasar
Ferrari kompaniýasy mart aýynda geljekki elektromobillerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijiniň sesini ýasajak gurluşlar bilen bagly iki patent üçin ABŞ-nyň Patent edarasyna ýüz tutdy. Bu barada Motor Authority neşiri habar berýär.
Patentleriň biri üç motory, ses generatorlary we sesi gönüden-göni salona ugrukdyrjak goşmaça kanallary bo...
Motoryň sesine küýseginde: Lamborghini V12-siniň motor sesini winil plastinkasyna ýazgy etdi
Özüniň ses enjamlary bilen tanalýan Technics firmasy we Y-görnüşli elementli, superkar öndürýän Lamborghini özboluşly winil plastinkalaryny oýnadýan enjamy döretmek üçin birleşdiler diýip, auto.ru ýazýar.
DJ-leriň arasynda meşhur bolan model Technics SL-1200MK7-iň ýörite wersiýasy, Y-görnüşli elementli Lamborghini stilindäki dizaýny aldy. En...
Apple eplenýän iPhone we MacBook döretmek üçin ýene-de Samsung bilen hyzmatdaşlyk eder
DigiTimes-iň habar bermegine görä, Apple we Samsung eplenýän enjamlary ösdürmek barada şertnama baglaşdy.
Jikme-jiklikler entek aýan edilmese-de, bu şertnama Apple-iň eplenýän enjamlar dünýäsine äden möhüm ädimi boldy.
Mundan ozal insaýderler Apple-iň ilkinji eplenýän önümi boljak MacBook-yň 2025-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 2026-njy ýyly...
ChatGPT-iň "atasy": Emeli aň hakykatdanam köp adamy işsiz goýar
OpenAI-ny esaslandyryjy we ChatGPT-ni döredijileriň biri bolan Sem Altman emeli aňyň (AI) ýakyn wagtda iş ýerleriniň azalmagyna sebäp bolup biljekdigi baradaky howatyrlanmanyň esassyz däldigini aýtdy.
Altman: "Häzir meni hemme zatdan beter sosial-ykdysady üýtgemeşleriň nähili tizlikde we gerimde bolup geçjekdigi, onuň ýetirjek täsiri alada...
Islandiýada dünýäde iň uly atmosferany arassalaýyş zawody işe girizildi
Islandiýada Ýeriň atmosferasyny hapalaýjy maddalardan arassalamak boýunça dünýäde iň uly zawod işläp başlady. Bu barada ixbt.com habar berýär.
Mammoth atly fabrika atmosferadan kömürturşy gazyny göni tutýan ikinji täjirçilik desgasydyr. Ol Climeworks kompaniýasy tarapyndan guruldy we bu 2021-nji ýylda açylan birinji fabrikadan 10 esse uludyr...
Satuwy azalsa-da, gazanjy artdy: Samsung hindi bazarynda liderligini ýitirdi
Samsung ABŞ-da we dünýä bazarynda paýyny artdyrsa-da, Hindistanda ýagdaý günorta koreýaly kompaniýa üçin o diýen üstünlikli bolmady. Birinji çärýegiň jemi boýunça, kompaniýa göni üçünji orna düşdi. Bu barada ixbt.com belleýär.
Counterpoint analitikleri bir ýyl mundan ozal 20,3% paý bilen birinji orny eýelän Samsung-yň 17,5% paý bilen üçünji...
Samsung arkasy deri panelli Galaxy F55 smartfonynyň hödürlenjek senesini yglan etdi
Samsung kompaniýasy özüniň täze Galaxy F55 smartfonynyň görkeziljek senesini resmi taýdan tassyklady. Bu çäre 17-nji maýda Hindistanda geçiriler. Smartfonyň bahasynyň 240-360 dollar bolmagyna garaşylýar diýip, gagadget.com habar berýär.
Çeşmeler Galaxy F55-iň ýaňy-ýakynda Hytaýda ilkinji gezek çykan Galaxy C55 smartfonynyň rebrend görnüşi bo...
BMW täze M4 kupesiniň has güýçlendirilen görnüşini hödürledi
BMW M4 CS kupesiniň täze modifikasiýasyny hödürledi - sport awtoulagy öňküsinden has güýçli we ýeňil boldy.
Täze önüm 550 at güýji (soňky sapar gaýtadan işlenenden soň adaty M4 Competition-iňkiden 20 at güýji köp ) 3,0 litrlik turbo hereketlendirijisini aldy. Ol sportkara 100 km/sag tizlige 3,4 sekuntda ýetmäge mümkinçilik berýär we iň aňryb...
“Google Habarlarda” “GIF selfi” - gysga selfi wideolar peýda bolar
“Google Habarlar” programmasy ulanyjylara gysga, yzygiderli wideo habarlaryny ibermäge mümkinçilik berýän “GIF Selfi” aýratynlygy peýda bolar diýip, Android Authority habar berýär.
Täze aýratynlyk smartfonyň öň ýa-da esasy kamerasynda ýazgy edilen üç sekuntlyk wideodyr. “GIF selfini” döretmek üçin çaty açmaly, habarlar panelinde kameranyň ny...
Huawei bütinleý Android-den aýrylyp HarmonyOS Next-e geçýär
Huawei Android operasion ulgamyny (OS) öz smartfonlarynda ulanmagy düýbünden bes etmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi. Geçiş Huawei-iň öz OS-y bolan “HarmonyOS Next-iň” peýdasyna amala aşyrylar diýip, IXBT ýazýar.
“HarmonyOS Next” şu ýylyň oktýabr aýynda satuwa çykarylmagy meýilleşdirilen Mate 70 smartfonlarynyň flagman seriýalary bilen bi...
Hytaý SkyNet-i işe girizýär. Ol Ýeriň islendik ýerinde internete girmäge niýetlenendir
Hytaý dünýäniň islendik ýerinde ýokary tizlikli internete girmek üçin döredilen ägirt uly internet hemralarynyň ulgamy bolan SkyNet-iň gurluşygyna başlady. Şu maksat bilen 9-njy maýda ilkinji Zhihui Tianwang-01 (Smart SkyNet-01) synag emeli hemrasy ýurduň günorta-günbataryndaky Siçan kosmodromyndan üstünlikli uçuryldy diýip, scmp.com. habar berýär....
Nissan söwda dilerlerine awtoulaglaryny has uly arzanlaşyk bilen satmaga rugsat berdi
Ammarlaryň önümden çakdanaşa doludygy sebäpli, Nissan ABŞ-daky söwda dilerlerine awtoulaglary maslahat berlen bölek satuw bahasyndan hem arzan satmaga rugsat berdi diýip, IXBT habar berýär.
Cox Automotive-iň berýän maglumatlaryna görä, Nissan awtoulaglary satyn alynmazdan öň 98 günläp dilerleriň ambarlarynda durýar.
Satuwy höweslendir...
Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Awstraliýa tehnologiýa ägirtlerine gözegçiligi güýçlendirer
Ýewropanyň we ABŞ-nyň yzýany Aziýa ýurtlary hem iri tehnologiýa kompaniýalarynyň işine gözegçiligi güýçlendirýärler. Faýnansal Taýms gazetiniň habar bermegine görä, Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Awstraliýa Apple-iň we Google-yň öz bazarlarynda agdyklyk etmegini çäklendirmäge gönükdirilen täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlaýarlar ýa-da eýýäm güýje...
Londonda start-ap adaty bolmadyk ulagy – pedalda işleýän ýük awtoulagyny hödürledi
Düýbi Londonda ýerleşýän Cityshuttle start-apy sürüjisi pedaly aýlamaly bolan dünýäde ilkinji elektrik awtoulagyny çykardy. ePack diýlip atlandyrylýan täze önüm eltip berme hyzmatlarynda awtoulaglaryň, skuterleriň we welosipedleriň ornuny tutmaga niýetlenendir diýip, Mail.ru ýazýar.
ePack 250 wattlyk elektrik hereketlendirijisi bilen enjamla...
Microsoft Word-da tekst goýmak bilen bagly, köpden bäri dowam edip gelýän meseläni çözdi
Microsoft kompaniýasy Word-da işlenilende tekst goýlanda formatirleme bilen bagly, köpden bäri dowam edip gelýän meseläni çözýän täzelenme çykardy. Bu barada 3DNews habar berýär.
Şu wagta çenli tekst başga bir çeşmeden göçürilende Word resminamasyndaky tekstiň formaty, köplenç, gabat gelmän ulanyjylar üçin oňaýsyzlyk döredýärdi.
Word-...