Pekin uniwersitetiniň alymlary Pençen barlaghanasy, Şanhaý tehnologiýa uniwersiteti we maglumat optoelektronika pudagynda Milli innowasiýalar merkezi bilen hyzmatdaşlykda optiki süýümli we simsiz maglumat geçirijiligi birleşdirýän dünýäde ilkinji gibrid ulgamy işläp düzdi. Bu barada ITHome neşiri habar berýär. 250 GGs-den ýokary ýygylyklarda üýtgeşik foton enjamlarynyň ulanylmagy rekord tizliklere ýetmäge mümkinçilik berdi. Signaly kabel arkaly 512 Gbit/s we simsiz kanal arkaly 400 Gbit/s tizlik bilen geçirmek başartdy. Täze tehnologiýa 5G-niň mümkinçiliklerinden 10 esseden hem ýokary bolup, örän uly göwrümli maglumatlary minimal gijikdirmeler bilen geçirmegi üpjün edýär: test barlaglarynyň dowamynda ulgam bir wagtda 86 kanal arkaly 8K formatyndaky wideony üstünlikli ýaýlyma berdi. Bu tehnologiýa 6G ulgamlaryny ornaşdyrmak we simsiz maglumat merkezlerini döretmek üçin esas bolar.