Italiýanyň meşhur sport awtoulag öndürijisi bolan Ferrari 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça işgärlerine rekord möçberde premiýa tölejekdigini habar berdi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Benedetto Winýa mälim etdi. Ferrari-niň 2025-nji ýyldaky işi örän täsirli maliýe netijelerini görkezdi. Ýyl boýunça 13 640 awtoulag satyldy. Bu 2024-nji ýyldakydan 112 ulag azdyr. Muňa garamazdan, kompaniýanyň umumy girdejisi 7% artyp, 7,1 milliard ýewra ýetdi. Operasion peýda 12% ösüş bilen 2,1 milliard ýewro boldy. Kompaniýanyň 5 müňe golaý işgäri 14 900 ýewra çenli pul baýragyny alarlar. Bu mukdar Ýewropada täze "Fiat Grande Panda" ýaly tygşytly awtoulagyň bahasyna barabardyr. Benedetto Winýa kompaniýanyň geljekki birnäçe ýyl üçin strategiki meýilnamalaryny hem aýan etdi. 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen ähli awtoulaglar eýýäm satyldy (sargyt edildi). 2027-nji ýylyň buýurmalar bukjasy hem doly diýen ýaly kemala geldi. 2030-njy ýyla çenli azyndan 20 sany täze model tanyşdyrylar. Onýyllygyň ahyryna çenli awtoulaglaryň 80%-i dürli derejedäki gibrid (mehaniki we elektrik) hereketlendirijili, 20%-i bolsa doly elektrikli bolar. Ferrari-niň taryhyndaky ilkinji doly elektrikli modeli bolan Luce-niň resmi tanyşdyrylyşy şu ýylyň maý aýynda bolar.