Apple kompaniýasy iOS 26.4 täzelenmesi bilen Apple Music hyzmatyna birnäçe möhüm funksiýalary goşýar. Bu täzelenmeler ulanyjylara söýgüli aýdymçylaryna has ýakyn bolmaga we emeli aňyň kömegi bilen täze sazlar dünýäsini açmaga mümkinçilik berer. Apple Music indi söýgüli artistleriňiziň janly konsertlerini yzarlaýar. Programma ulanyjynyň ýerleşýän ýerine görä, golaýdaky şäherlerde geçiriljek konsertleriň sanawyny görkezer. The Verge neşiriniň bellemegine görä, bu funksiýa ozal Spotify-da bar bolan meňzeş hyzmatyň kämilleşdirilen nusgasydyr. Şeýle hem emeli aň indi siziň islegiňize görä pleýlistleri döreder. Ulanyjy diňe ruhy ýagdaýyny ýa-da islegini (meselem, "ýagyşly howada okamaly kitap üçin saz") ýazmaly, galanyny bolsa emeli aňyň özi alyp çykar. Spotify-dan tapawutlylykda, Apple Music-iň bu funksiýasy arkaly döredilen pleýlistler häzirlikçe iň köp 25 aýdymdan ybarat bolar. Programmanyň wizual we funksional tarapy hem üýtgeýär: Indi podkastlary diňlemek bilen bir hatarda, olary göni programmada görüp hem bolar. Albomlaryň we pleýlistleriň obložkalary has uly, durulygy ýokary we täsirli görnüşe geçiriler. Häzirki wagtda iOS 26.4-iň ilkinji beta-wersiýasy işläp düzüjiler üçin elýeterli edildi. Ulanyjylaryň ählisi üçin resmi goýberiliş şu ýylyň ýazynda meýilleşdirilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir