Samsung Electronics kompaniýasynyň bazar kapitalizasiýasy bir ýylyň dowamynda 358% ýokarlanyp, 876,24 mlrd dollara ýetdi. Bir ýyl ozal kompaniýanyň umumy bahasy 244,51 mlrd dollara deňdi. Günorta koreýaly tehno-ägirdiň häzirki wagtda bir paýnamasynyň bahasy 130 dollardan geçýär. Analitikler bu maliýe görkezijilerini iki sany uly şertnama bilen baglanyşdyrýar. Korporasiýa Tesla kompaniýasy bilen 16,5 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy. Bu hyzmatdaşlyk amerikan brendiniň elektromobilleri üçin ýarymgeçirijileri öndürmegi göz öňünde tutýar. Ikinji esasy faktor bolsa, dünýäde HBM4 standartly ýatlaryň ilkinji köpçülikleýin önümçiliginiň ýola goýulmagy boldy. Öndürilýän çipleriň esasy bölegi Nvidia kompaniýasy üçin niýetlenendir. Bu önümler emeli aňyň iň öndürijilikli tizlendirijileriniň biri bolan Vera Rubin platformasynda ulanylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir