Messenjer şahsy hat alyşmalaryň gizlinligini has-da güýçlendirjek täze funksiýany synagdan geçirýär. Indi ulanyjylar diňe bir kanallarda däl, eýsem özara çatlarda-da maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni alyp bilerler. Beta Info Telegram kanalynyň habar bermegine görä, täze funksiýa işjeňleşdirilen wagty, hatyň tekstini göçürmek, suratlary/wideolary ýatda saklamak we olary başga birine (şol sanda "Saýlananlar" bölümine) ibermek mümkin bolmaz. Häzirki wagtda bu mümkinçilik iOS ulgamy üçin Telegram-yň 12.5 (32413) beta wersiýasynda peýda boldy. Ony işletmek üçin habarlaşýan adamyňyzyň profilini açmaly; "Edit" (Üýtgetmek) bölümine girmeli; "Restrict Copying" (Göçürmegi petiklemek) funksiýasyny saýlamaly. Täze täzelenmede peýda boljak ýene bir oňaýlylyk — seneleriň we wagtyň awtomatiki tanalmagydyr. Messenjer hatyň içindäki "şu gün", "ertir" ýaly sözleri ýa-da anyk seneleri tapawutlandyryp görkezer. Şol senäniň üstüne basmak arkaly gönüden-göni ýatlatma (reminder) döredip bolar. Topar çatlarynda döredilen ýatlatmalar ulanyjynyň "Saýlananlar" (Saved Messages) bölümine geler. Bu bolsa toparyň bildirişleri öçük bolsa-da, möhüm senäni sypdyrmazlyga kömek eder. Häzirki wagtda bu funksiýalar synag tapgyrynda bolup, käte durnuksyz işlemegi mümkin. Adatça, Telegram her aýda bir gezek uly täzelenme çykarýar, şonuň üçin bu täzelikleriň ýakyn wagtlarda ähli ulanyjylar üçin elýeterli bolmagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir