Bloomberg agentliginiň synçysy Mark Gurman Apple kompaniýasynyň emeli aň goldawy bolan täze dakynylýan enjamlaryň üstünde işleýändigini habar berdi. Kompaniýa Siri ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ähli täze enjamlary kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär. Täze akylly äýnekleriň önümçiligine şu ýylyň dekabrynda başlamak, resmi taýdan bolsa 2027-nji ýylda satuwa çykarmak bellenildi. Enjamda displeý bolmaz, ähli elektronika we akkumulýator äýnegiň çarçuwasyna ýerleşdiriler. Äýnekde iki sany obýektiw bolar. Birinjisi ýokary hilli foto-wideo düşürmek üçin, ikinjisi bolsa "kompýuter görşi" üçin hyzmat eder. Ulgam töweregi seljerip, naharlaryň düzümini anyklamaga, obýektleri tanamaga we nawigasiýada ýol görkezmäge kömek eder. Şeýle-de, äýnek arkaly jaň etmek we saz diňlemek mümkin bolar. Apple diňe äýnek bilen çäklenmän, eýsem has kiçi göwrümli enjamlaryň hem üstünde işleýär. Ölçegi AirTag ýaly bolan akylly tumar zynjyrda ýa-da broşka hökmünde dakynyp bolar. Onuň hemişe işjeň kamerasy we öz prosessory bolar, emma esasy hasaplamalary iPhone arkaly ýerine ýetirer. Bu gadžetiň 2025-nji ýylda tanyşdyrylmagyna garaşylýar. Kameraly AirPods: Nauşnikleriň täze wersiýalaryna pes durulykdaky kameralar gurlar. Bu kameralar ulanyjynyň daş-töweregini analiz edip, Siri-ä has takyk maglumat bermäge kömek eder. Habarda bellenilmegine görä, bu täze önümlerdäki Siri sanly kömekçisi Google Gemini-niň binýadynda işläp biler. Bu bolsa Apple-yň öz emeli aňyny beýleki uly tehnologiýa modelleri bilen utgaşdyrmak strategiýasynyň bir bölegidir.