Mercedes-Benz kompaniýasy ABŞ-da EQB modelindäki ýokary woltly batareýalaryň ýangyn döretmek ähtimallygy sebäpli, eýýäm üçünji gezek uly yzyna çagyryş kampaniýasyny yglan etdi. Bu çäre 2022–2024-nji ýyllar aralygynda öndürilen 11 895 awtoulaga degişlidir. Ozalky yzyna çagyryşlarda öndüriji meseläni diňe programma üpjünçiligini täzelemek arkaly çözmäge synanyşypdy. Emma Hytaýyň Farasis Energy kompaniýasy bilen geçirilen goşmaça seljermeler, diňe programma üpjünçiliginiň içerki gysga utgaşma howpuny doly aradan aýryp bilmeýändigini görkezdi. Indi Mercedes-Benz meselänini düýbünden çözmek üçin başga çäreleri görer. Kompaniýa ähli kemçilikli batareýalary mugt çalşyp bermäge borçlandy. Öň programma üpjünçiligini täzelen awtoulaglaryň 74%-i hem indi batareýa çalşygy üçin serwis merkezlerine gelmeli bolar. ABŞ-nyň Milli Ýol hereketiniň howpsuzlygy dolandyryşy (NHTSA) irki döwürde öndürilen batareýa öýjükleriniň häzirki agramlara we iş şertlerine çydamsyzdygyny belleýär. Bu bolsa ýokary zarýad derejesinde ýangyn howpuny artdyrýar. Awtoulag eýelerine batareýa doly çalşyrylýança, awtoulagyň zarýadyny 80%-den ýokary geçirmezlik, awtoulaglary ýapyk binalaryň içinde däl-de, daşarda goýmak maslahat berilýär. Häzirki wagta çenli ABŞ-da bu mesele bilen bagly iki sany ýangyn hadysasy hasaba alyndy. Programma üpjünçiligini täzelän awtoulaglarda heniz beýle ýagdaý ýüze çykmady. EQB modeliniň önümçiligi eýýäm tamamlandy. Geljekde bu modeliň ornuny EQ tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan täze Mercedes-Benz GLB bolar.