Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy. Galaxy S23 mysalynda alanyňda, bu täzelenme toplumynyň ölçegi takmynan 90 MB bolup, ol eýýäm bütin dünýäde elýeterli edildi. Ulanyjylar bu täzelenmäni enjamyň sazlamalaryndan ("Sazlamalar" -> "Howpsuzlyk we gizlinlik" -> "Täzelenmeler") barlap bilerler. Samsung-yň öz hususy interfeýs täzelenmelerinden tapawutlylykda, Google Play täzelenmeleri Android ulgamynyň içerki hyzmatlarynyň durnuklylygyna we howpsuzlygyna gönükdirilendir. Ýanwar aýyndaky täzelenme şulary öz içine alýar: Android WebView: Programmalaryň içindäki web mazmunlarynyň (sahypalaryň) has durnukly görkezilmegi. Google Play Services: Fon prosesleriniň has akgynly we optimallaşdyrylan tertipde işlemegi. Howpsuzlyk we gizlinlik: Ulanyjy maglumatlaryny goramak üçin Android System Intelligence we Private Compute Services modullaryna degişli düzedişler. Maliýe we hasaplar: Google Wallet (Gapjyk) we Google hasaplaryny dolandyryş ulgamlarynyň işiniň has-da kämilleşdirilmegi. Bu täzelenme netijesinde Samsung smartfonlary we planşetleri Android-iň içerki hyzmatlarynyň has durnukly we howpsuz işlemegini üpjün edýär. Alty aýlap dowam eden arakesmeden soňky bu täzelenme ulgamdaky köp sanly kiçiräk bökdençlikleriň öňüni alar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir