19-njy iýunda Rimiň Kiži köşgünde Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekow bilen Italiýanyň Premýer-ministriniň diplomatik geňeşçisiniň orunbasary Pietro Sferra Karininiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa — Italiýa” ilkinji sammitinden gelip çykýan meseleler we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloniniň arasynda 2025-nji ýylyň 30-njy martynda bolan ikitaraplaýyn duşuşygyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar öňde boljak çäreleriň, şol sanda türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen işewürlik forumynyň guramaçylyk meselelerini hem gözden geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ilçisi 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynam forumyna ilkinji çakylygy hem-de 2025-nji ýylyň 5–8-nji awgusty aralygynda meýilleşdirilen Deňiz çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji maslahatyna çakylygy gowşurdy. Şeýle hem energetika, oba hojalygy, dokma senagaty hem-de medeni-gumanitar gatnaşyklary ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi boýunça pikir alşyldy. Taraplar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we özara gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.