Hindistanda durmuşa çykmakdan ýüz öwren gelinlik şol gün başga ýigit bilen toý etdi
Hindistanyň Uttarakhand ştatynda geň waka boldy. Gelinlik öýlenjek ýigidiň dogan-garyndaşlarynyň özüni alyp barşyndan nägile bolup, toýdan ýüz öwürdi, emma şol gün başga ýigide durmuşa çykdy.
24 ýaşly gyzyň ilkibaşky saýlan ýigidi bilen toýy 21-nji iýulda Rurki şäherindäki banket zalynda bolmalydy. Emma dabara birnäçe minut galanda, gelinlig...
Meşhur makaka çagasy Panç ilkinji doglan gününi belledi
Ýaponiýanyň haýwanat bagyndaky Panç lakamly maýmynjyk özüniň ilkinji doglan gününi belleýär. Bir ýylyň dowamynda ol diňe ösmän, tutuş dünýädäki millionlarça adamlaryň kalplaryny gozgamagy başardy diýip, «MIR 24» ýazýar.
Pança dürli ýurtlardan 2,5 müň sany gutlag haty gelip gowuşdy. Adamlar ilki taýpadaşlary tarapyndan ýekirlenen körpe maýmyn...
Daşoguzda dynç alyş seýilgähiniň durkuny täzelemek üçin enjamlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edildi
Daşoguz welaýat häkimligi welaýat merkeziniň Görogly köçesinde ýerleşýän suw çüwdürimli we heýkeller toplumy bolan dynç alyş seýilgähini düýpli abatlamak üçin zerur enjamlary we önümleri satyn almak boýunça bäsleşik yglan etdi.
№ 311 belgili lot hökmünde hasaba alnan bäsleşik 2026-njy ýylyň 19-njy awgustynda sagat 10:00-da geçiriler. Bäsleşi...
«Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirligi tarapyndan 610 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy
«Türkmennebit» döwlet konserni boýunça önümçiligiň ösüş depgininiň ep-esli ýokarlanmagynda «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň zähmet toparlarynyň mynasyp paýy bar. Muňa häzirki zaman dünýäsiniň kämil enjamlarydyr desgalary bilen üpjün edilen kärhanada 2026-njy ýylyň başyndan bäri gazanylan netijeler hem doly şaýatlyk edýär. Bu barada «...
Ülpetler obasynda erkekler ýetmezlik edýär
Russiýanyň Perm şäherinden 11 kilometrlikde ýerleşýän Ülpetler (Чуваки) obasynda erkekler ýetmezlik edýär. Bu barada «Mash» telegram-ýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Häzir obada 100 zenana bary-ýogy 80 erkek düşýär. Obanyň erkek ilaty gitdigiçe azalýar. Bu bolsa, Ülpetler obasynyň jemgyýetçilik hem-de ykdysady durmuşynda zenanlaryň...
Lebapda nebit ýol bitumynyň önümçiligi artdy: 6 aýda 12,7 müň tonna önüm
Lebap welaýatynda şu ýylyň alty aýynda 12,7 müň tonna nebit ýol bitumy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçilikde 2,4 göterim ösüş gazanyldy. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bitum önümçiliginiň möçberi 300 tonna artdy. Bu ösüş «Türkmennebit» döwlet konserni...
Fransiýadaky gadymy galalar ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi
Fransiýanyň gündogaryndaky orta asyr galalarynyň sekizisi halkara ÝUNESKO guramasynyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu barada degişli çözgüt guramanyň Günorta Koreýanyň Pusan şäherinde geçen 48-nji mejlisinde kabul edildi diýip, «France3» teleýaýlymy habar berdi.
Sanawa ýurduň Od we Arýež departamentlerindäki Agilar, Karkasson, La...
Ýaponiýada Premýer-ministriň her gün üç sagat uklaýandygyndan birahat bolýarlar
Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti «X» sosial torunda işiniň gaty kändigi sebäpli gijelerine bary-ýogy üç sagat uklaýandygyny, ýagny wezipesine girişenden bäri dowamly ukusyzlykdan ejir çekýändigini habar berdi diýip, «rg.ru» ýazýar.
Özem hatda bary-ýogy üç sagat uklamak 65 ýaşly Premýer-ministre hemişe ýetdirip durmaýar, adatça, ol...
«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy «Aýratyn wajyp ýolagçylaryň we Wajyp ýolagçylaryň zallaryndan geçmegiň Tertibine» üýtgetmeleri girizdi
«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy «Aýratyn wajyp ýolagçylaryň we Wajyp ýolagçylaryň zallaryndan geçmegiň Tertibine» birnäçe üýtgetmeleri we goşmaçalary girizdi. Degişli buýruk 2026-njy ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet belligine alyndy.
Üýtgetmeler ilkinji gezek 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrl...
Sadyr Žaparow Balykçy - Koçgor demir ýoluny açdy
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow ýurduň Balykçy - Koçgor demir ýolunyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, onuň işine ak pata berdi.
Uzynlygy 63 kilometre deň bolan täze demir ýoluň gurluşygyna 2022-nji ýylda badalga berildi. Soňky bäş ýylda Gyrgyzystanda ýük gatnawy 36 göterim, ýolagçy gatnawy bolsa, 70 göterime golaý artdy.
Prezident...
Türkmenistanyň we Täze Zelandiýanyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täze Zelandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň departament başlyklarynyň derejesinde wideoaragatnaşyk arkaly ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik gepleşikleri ösdürm...
Tramp ABŞ-nyň IT-ägirtlerine salnan jerimeler sebäpli ÝB-ä gümrük paçlary bilen haýbat atdy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp öz administrasiýasynyň amerikan tehnologiýa kompaniýalaryna köp milliardlyk jerimeleriň bellenilmegi bilen baglylykda Ýewropa Bileleşigine garşy derňew işini başlaýandygyny aýtdy.
Ak tamyň Baştutany Truth Social sosial torundaky habarynda ÝB-niň bu hereketini «talama» diýip atlandyrdy we onuň netijeleri barada...
Türkmenistanyň DIM-nde adam hukuklary boýunça halkara borçnamalary maslahatlaşyldy
Şu gün Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Pudagara toparyň 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň netijeleri baradaky hasabat diňlenildi hem-de ge...
Türkmenistan bilen Azerbaýjan eTIR ulgamy arkaly ýük daşamalary boýunça maglumat alyş-çalşygyny üstünlikli ýola goýdy
Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) guramaçylyk goldawy bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komiteti Hazar deňziniň üsti bilen amala aşyrylýan üstaşyr ýük daşamalary boýunça sanly e-TIR ulgamy arkaly maglumat alyş-çalşygyny ýola goýdy.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi...
Fransiýanyň Bordo şäheriniň golaýynda 8 müň adam ýangyn sebäpli göçürilýär
Fransiýanyň Žirondo departamentiniň prefekturasy tokaý ýangynlarynyň täzeden başlanmagy bilen baglylykda, Bordo şäheriniň golaýyndaky ilatly ýerlerden 8 müň adamyň göçüriljekdigini habar berdi. Bu barada «Le Monde» gazetine salgylanýan «Interfax.ru» ýazýar.
Ýerli neşiriň Žirondonyň ýangyn-halas ediş gullugyna salgylanyp berýän habaryna görä,...
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýat boýunça jemleýji tapgyry geçirildi
Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki toý meýdançasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýat boýunça jemleýji tapgyry geçirildi
Habarda b...
Bolgariýanyň wagtlaýyn Prezidenti Ýotowa saýlawlara gatnaşmakçy
Bolgariýanyň wagtlaýyn Prezidenti Iliýana Ýotowa şu ýylyň aýaklarynda ýurtda geçjek döwlet Baştutanynyň saýlawlarynda dalaşgärlik etmäge taýýardygyny yglan etdi diýip, «Interfax.ru» habar berdi.
«Hawa, dalaş etmekçi. Meni maslahat beriji geňeş hödürlär. Bolgariýada özümi köpler goldar diýen ynam bilen şeýle karara geldim» diýip, Ýotowa ýurdu...
Türkmenistanyň ilçisi bilen Maldiw Respublikasynyň daşary işler ministri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Maldiw Respublikasyndaky ilçisi (oturýan ýeri Nýu-Deli şäheri) Ş. Geldinazarow 23-nji iýulda Male şäherinde Maldiw Respublikasynyň daşary işler ministri Iruşitam Adam bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsa...
«Paramount» kinokompaniýasy «Warner Bros.» bilen goşulyşmagy bir ýyl soňa goýdy
«Paramount Skydance Corp.» kompaniýasy «Warner Bros.» studiýasy bilen birleşmek barada bahasy 111 milliard dollarlyk geleşigi 2027-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli yza süýşürdi. Bu barada «The Variety» neşirinde çap edilen makalada habar berilýär.
Munuň sebäbi monopoliýa garşy kazyýet seljerişligi bilen baglydyr. Ýagny Kaliforniýanyň baştutanly...
Aşgabatda türkmen-özbek işewürlik forumy öz işine başlady
27-nji iýulda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda türkmen-özbek işewürlik forumy öz işine başlady.
Forumyň açylyşynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Azat Nazarow oňa gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Şeýle hem forumyň açylyşynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan d...