Honda kompaniýasy şäher şertleri üçin ýörite işlenip düzülen täze eQuad elektrikli kwadrosiklini görkezdi. Bu model welosiped ýollarynda hereket etmek we ýükleri daşamak üçin niýetlenendir. Ykjam dört tigirli ulag serişdesi sürüjiniň oturgyjynyň yzynda ýerleşýän ýük bölümi we welosiped pedallary bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň hödürleýän amatlyklarynyň arasynda ultramelewşe örtükli we keramiki öwüşgünli aýna, wentilýator hem-de yzky görüş aýnasy bar. eQuad-yň iň ýokary tizligi 20 km/sag bilen çäklendirilýär, iň kuwwatly görnüşiniň bir gezeklik zarýad bilen geçip bilýän aralygy bolsa 37 km ýetýär. Kwadrosikl Honda Mobile Power Pack hereketlendirijsi bilen işleýär we 30 sekuntda çalşyp bolýan ätiýaçlyk batareýalar bilen üpjün edilýär. Güýç ulgamy «elektron dolandyryşly pedal» hökmünde beýan edilýär. Ulagyň ölçegleri we ýük göterijiligi onuň konfigurasiýasyna baglydyr. Iki görnüşli ýük konteýneri hödürlenýär: kiçi görnüşi (340,11×210,06×100,08 sm) – 145 kg çenli, ulaldylan görnüşi bolsa (365,76×213,36×121,92 sm) – 295 kg çenli ýük daşap bilýär. Honda eQuad-yň prototibini Germaniýada 25-29-njy iýun aralygynda geçiriljek Eurobike sergisinde hödürlär. Kompaniýa 2025-nji ýylyň ahyryna çenli modelden çäkli nusgada çykaryp, 2026-njy ýylyň tomsunda köpçülikleýin önümçilige başlamagy meýilleşdirýär. Bahasy barada häzirlikçe maglumat ýok.