20-nji iýunda “Hatlon — syýahatçylygyň ýyly kalby” atly Halkara syýahatçylyk forumynyň çäginde Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçisi Aýmyrat Goçmyradow Hatlon welaýatynyň häkimi Dawlatali Said bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda oba hojalygy, senagat, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Mary we Lebap welaýatlarynyň häkimlikleri bilen Hatlon welaýatynyň dolandyryş edaralarynyň arasynda baglaşylan ylalaşyklaryň esasynda sebitara hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bu ylalaşyklar söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi, şeýle hem iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny göz öňünde tutýar. Duşuşykda telekeçilik düzümleriniň arasynda işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, bilelikdäki çärelere gatnaşmak we durmuşa geçirilýän taslamalar barada maglumat alyşmak ýaly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän orta mekdebiň açylmagynyň ähmiýetini aýratyn bellediler. Bu dabaraly çäre Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň onlaýn gatnaşmagynda geçirildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we täze bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge özara gyzyklanma tassyklanyldy.