Prezident Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýanyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Soňky wagtda Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berildi. Biz netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegini goldaýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz gutlag hatynda belledi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emmanuel Makrona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Fransiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi. Bastiliýanyň eýelenen güni Fransiýada her ýyl 14-nji iýulda bellenilýär. Baýramçylyk 1789-njy ýylda şol gün Bastiliýa patyşalyk tussaghanasynyň zabt edilmeginiň hormatyna bellenilýär. Bu Fransuz rewolýusiýasynyň başlanmagyny alamatlandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir