14-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Çžun Huan bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Hytaýyň wekiliýetiniň wekillerini LLDC 3-iň çäginde geçiriljek Zenan ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşmaga çagyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir