Beýle bagt iki gezek berilmez

Meniň asmanym sen meniň howam sen!
Eýsem-de, sen muny etmezmiň hasap?!
Söýeňden aýrylyp ýaşap bolarmy?!
Bolarmy dem alman dünýäde ýaşap?!

Ýüregiň hem pamyk kimin arassa,
Mynasyp ol ak bagtlara ýetmäge.
Gurak ýerde deňiz deýin kürekläp,
Men-ä taýyn bagt ýolundan gitmäge.

Ýöräli...

Dowamy »

15694 76
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 6 years ago

Üýgeşik adam

Aýdaýsana seniň kalbyň güldenmi?
Ýa-da ýasalanmy pamyk deý gardan,
Keşbiň nurdan, diliň şeker baldanmy?
Eý, perişde syrat, görmegeý adam.

Ýylgyrşyňda özgeçe bir mähir bar,
Heýem boljak eken beýlede zadam,
Päk niyetiň, ak arzuwlaryň bilen,
Sen hakykatdanam üýtgeşik adam.

Her iş...

Dowamy »

2218 90
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 6 years ago

Adyň tutup gaýtalaryn görümde

Seniň bilen nurlanýady bu dünýäm,
Senden aldy mätäç kalbym teselli,
Saňa duşan günim giňedi dünýäm,
Ýaşaýyşa höwesim has köpeldi.
Söýüp seni has dogrusy gaýbana,
Daşdan synlap jemalyňa guwandym,
Hyýalymda, seni özümki saýyp,
Gijelerne düýşler bilen oýandym.
Ýyldyzlar hem seniň gözüň ýatlatdy,<...

Dowamy »

2334 106
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 6 years ago

Ak guş bolup uçaryn

Giderin men seniň giden ýoluňdan,
Aýry ýoly saýlamaryn men hergiz.
Kynam bolsa, ýalňyz menzil agtarmak,
Sözümden dänmerin, dänmedim heniz.

Gadam taşlap külterlärin ýollary,
Sökerin basyp men, ädimiňe ädim.
Bu täleýe özüm günäkär ýaly,
Her demde, özüme irginsiz käýdim.

Düýşümde...

Dowamy »

3074 108
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 6 years ago

Şemal

Gussamy ýeňletmek saňa başartmaz,
Näçe darasaň-da daraber saçym.
Sypaber ýüzümden gaýratyň goýman,
Nätseň-de açylmaz çytylan gaşym.

Zaryn sazyň näçe çalyber çalsaň.
Maňa parhy ýokdur gitmez ünsüm,
Içki dünýäm kabul etmez şowhuny,
Töwerek dymdyrslyk meň üçin ümsüm.

Gara lybasyna...

Dowamy »

1946 4
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 6 years ago

Kitap, okamak, hakda

Hazynadan paýly bolaýyn diýseň,
Halatdan serpaýy alaýyn diýseň

Okagyn kitaby ýürekden söýüp,
Mähriňi siňdirgin dostuň deý uýup

Kitap açar saňa täze dünýäni,
Onuň bilen ýoluň ýagty bilýäňmi?!
 
Köp okaýan kişi bolýandyr dana,
Sözleri paýhasly, ýakymly jana,

Okaň s...

Dowamy »

1517 4
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 6 years ago

Bagt hakynda geliň aýdym aýdalyň

Bir pursatlyk gaçyp gussaň elinden,
Geliň dostlar göwün açyp gaýdalyň.
Daglar kimin belent  tutup başymyz,
Bagt hakynda geliň, aýdym aýdalyň.

Zynjyr deýin üzüp taşla gussaňy,
Gözleriň şatlykdan lowurdap ýansyn.
Şatlanaňda diňe özüň şatlanman,
Goý mähriňden... teşne kişlerem gansyn.

Dowamy »

1567 4
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 6 years ago

Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany

Bitaraplyk, Garaşsyzlyk höwri,
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany.
Berkarar döwletiň bagtyýar döwri,
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany.

Ösüşleriň gadamlaryňa ýaraşýar,
Oba-kendim şäherlere çalyşýar,
Dünýä bilen hoş habarlar alyşýar
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany.

Ynsanperwer, sy...

Dowamy »

1530 4
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 6 years ago

Watanym

Asuda asmanda, päkiz zeminde,
Erkana gün dogup, ýaşýar erkana,
Eziz Watan, Türkmenistan diýarym,
Seniň görküň, gülden diýseň görkana.

Garaşsyz, Bitarap mekanym meniň,
Ýaşyl tugum, ýaşaýşymyň gözbaşy.
Eziz Arkadaga, eziz Watana,
Alkyşdan, başlanýar aýtjak sözbaşym.

Ak şäherim gö...

Dowamy »

1721 4
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 6 years ago

Dolanyp gelerin hä diýmän ynha.

Eline alypdyr gaýgy küregin,
Ýüzüp ýör hiç arman aldygyna sary.
Perzendine ezip ene ýüregin,
Dört ýana hars urýar köyendeý ary.

Gol bulaýlap alyp göze ýaşyny,
Pynhan ýaşy meni goýmaz günüme.
Gitsem-de men bir pursatlyk aýrylyp,
Ugradýan deý göýä meni ölüme.

Gözde tegelenip görü...

Dowamy »

1586 4
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 6 years ago

Sen aglama ejemjan

Sen aglasaň maňa juda kyn düşer,
Şonuň üçin sen aglama ejem jan.
Sen aglasaň durmuş zyndana düşer,
Sen aglama,
  Sen aglama ejem jan!

Sen aglasaň agyr urar ýüregim,
Sen aglama meniň uly dilegim.
Sensiň meniň iki dünyä geregim,
Sen aglama,
   Sen aglama ejem jan!

S...

Dowamy »

1742 16
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 6 years ago

Haýsy oglan söýse-de...

Ýaramyň kesmegin dyrnama ýene,
Giden soň bir gez hem garama yza,
Ýene gelip gyş eýleme kalbymy,
Orun ýok dünýämde seniň deý gyza.

Kükregimde agy döredi şol gün,
Giden wagtyň adimlerňe bakmadym,
Erkeklik mertebäm gowsundy şonda,
Senden özüm juda alys sakladym.

Setirlere sygmaz g...

Dowamy »

1789 16
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 6 years ago

Sensizlik

Birden manysyny ýitirdi durmuş,
Gaýyp boldy gözden bagtyň melegi,
Ganat baglap uçup ýören kalbymyň.
Tozap düşdi iň arzyly ýelegi.

Bagt hakynda sözlemäge sözüm ýok,
Arzuw etmägede galmady umyt,
Öz derdime diňe özüm düşünüp,
Bir gyrada ýalňyz otyryn dymy:p.

Arzuw gapysyny ýapand...

Dowamy »

1825 16
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 6 years ago

Maňa söygi hakda hiç zat gürleme

Maňa söýgi hakda hiç zat gürleme,
Çekerden juda kyn söýginiň derdi.
Ol ejiziň asla golundan gelmez,
Yşk... müzzerder eken "men" diýen merdi.

Maňa söýgi hakda hiç zat gürleme,
Agtarmaly toslamalaň gatyny,
Geçmiş depderçesin reňklere boýan,
Ýatlamak islämok, söýgi hatyny.

Hatda,...

Dowamy »

2081 2
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 6 years ago

Arkadaly - Türkmenistan

Beýik işleň dünýä aşýar, Berkararlyk döwrüň bilen,
Toýuň toýlara ulaşyar, bagtyýarlyk döwrüň bilen,
Arkadagym güllär döwrüň, howandarly ömrüň bilen,
Berkarardyr, bagtyýardyr Arkadagly - Türkmenistan.

Arkadagly Diýarymyň ruhubelent illeri bar,
Aýdym aýdyp, şygyr ýazsa, şirin-şeker dilleri bar,
Ýaşyl...

Dowamy »

1531 0
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 6 years ago

Çyk dünýämden

Men şeýle bir bagtly ýaşap ýörkäm,
Sen gelip kalbymy gyşa dönderdiň,
Öz dünýäme gümra bolup, ýörşüme,
Neçün meniň bagt şemimi söndürdiň.

Ilki söýgiň gapysyny açaňda,
Ýyly mährim bilen gurşapdym seni,
Söýüp dünýäm bilen bar durkum bilen,
Bolmandy söýgümiň hiç çaky çeni.

Şeýle gu...

Dowamy »

1539 0
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 6 years ago

Saña näme boldy?

Ýüzüňden gar ýagýar, gözüňden gaýgy,
Öňki ýylgyrşyňdan galmandyr nyşan,
Sözle içki syryň, açyp ýüregiň,
Saňa näme boldy beýle perişan?!.

Ýa-da, kimdir bir seni ynjydyp,
Sözler bilen, agyr urgy urdymy?!
Ýa-da, aldaw bilen ýa, müň al bilen,
Saňa jeren kimin duzak gurdymy?!

Haýsy...

Dowamy »

1544 0
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 6 years ago

Komek gerek.

Salam baryña.
Aranyzda dushunyan bamai men oz android telefonymda clash oynayan indi sho bazany iphone telefona gechirmeli bashy chykyan dushunyan ba bolsa kom yazayynda.

Dowamy »

1962 1
Tehnologiýa, lacos tarapyndan 6 years ago

Sosial ulgamlaryň durmuşymyzdaky zeperleri.

Häzirki döwürde sosial ulgamlar durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegi boldy. Az ýa-da köp hemmämiz sosial ulgamlary ulanýarys ( imo, instagram, tweeter, facebook). Elbetde sosial ulgamlaryň durmuşymyza getiren peýdalary bar, ýöne bärde onuň bize berýän zyýanlary hakynda gürrüň bermekçi. 

1) Ünssizlige ýol açýar.

Alymlar, 10...

Dowamy »

2044 2
Bilim, ETIKA tarapyndan 6 years ago

Taze geldim.

Salam hemmanize menem indi su saytyn agzasy.

Dowamy »

1552 4
Sorag-jogap, Medine.01 tarapyndan 7 years ago