E.A. 6-Bölüm.

...Ýuwaşlyk bilen, eli-pyçakly howatyrlyk-edip, beýleki komnata bardy. Emma bu komnat hem boş, hiçkim ýok. Ýöne kompýuteriň ýüzünde, adam-ýüzüne meňzeş şekil bar. Howwa-howwa, monitoryň ýüzi dowük telewizoryň görkezişi ýaly bulam-bujar görkezsede, adamyň ýüz-keşbiniň barlygy gowy bildirýär. Bu keşbi Meýlis hem gördi. Emma gorkup, kompýuteri öçürmekçi bolanynda mylaýym gyz sesi "Dur, öçürme, haýşt, ýalbarýan" diýdi. Hut şeýle. Kompýuteriň ýüzündäki şekil Meýlisiň gös-göni özüne ýüzlendi. Hemme adamyň etjek herekedi, Meýlis hem nämäniň nämeligine düşünmän aňkarylyp-durdy. Şekil:
- Ýene bir gezek Salam, men EA.
+ Salam. Men Meýlis! - diýip Meýlis "Brrrrr" edip kellesini çaýkalady, soňra bolsa özüni çümmükledi. Çümmüklän ýeri agyrdy, diýmek Meýlis ukuda däl we diri. Belkem bu skryty kameralara alynýan, telewidenýedäki göýberilýän, peredaçalardaky şoudyr. Şeýle pikiri Meýlis hem edip:
-Häää bu rozygyryşmy(oýun-degişmemi)? Düşündim. Aktýorlar çykyp bilersiňiz. Bildim, inni gyzygy ýok çykaýyň!
+Ýok. Bu oýundäl. Bu hakykat! - diýip EA ýüzleneninden soň Meýlis ýene ýuwdunup durdy. Hakykat bolman nirä gitsin. Sebäbi Meýlisde ne dost bar, nede garyndaş. Üýtgeşik görk-görmegi bolmany sebäpli uly şäheriň içinde kän gözede ilenok. Onsaň kim beýle oglan bilen degişsin. Ol bolmaşynyada ejesini aldyran ýigit. Içini gepledip, nämeler diýjegini bilmän, näme hereket etjegini bilmän doňup durşuna Meýlis, iň esasy soragy berdi:
- Sen ruhmy?
+ Ýok. Men EA!
- Saňa bärde näme gerek!?
+ Bu meň dogulan ýerim!
- Saňa menden näme gerek?
+ Sen maňa näme?
- Näme näme? Men adam, sen näme?
+ Wi howwa, siz adamlaryň aň-düşünjesi diýseň pes. Ýöne şondada Albert Eýnşteýin, Muhammad Ali, iň Beýigi hem Muhammet Salawat Aleýhi Wessellem hem adam bolan onsaň ýene...
- Dur-dur-dur. Sen nämeler samraýaň? Sen adam bolmasaň, ruh bolmasaň, onda sen näme?
+ Men Emeli-Akyl. Gysgaça EA. Meni kakam Bäşim Aşyrmyradow ýaratdy. Meniň doglan wagtym 2073-nji ýylyň maý aýynyň 15-i. Ýyldyzym Öküzçe. Jynsym, saýlamagymdan gyz...
- Bolýa-bolýa. Inni näme? Ýagny sen nämçün ýaradyldyň? - diýip gürleşip durşuna, Meýlis ýuwaşlyk bilen gapdal diwanda oturan bolup, emaý bilen aşak egilip, eline beýsbolny-bitany(Pil sapyndan kiçeňräk, agyr taýak) aldy. EA bolsa:
- Bilemok nämçün ýaradylanymy. Kakam maňa hiçzat öwretmedi. Ol ýekeje "Yslam-dini. Musulman-adamlar. Alla birdir we ondan başga beýik ýok. Muhammet Sallallahu Aleýhi Wessellem bolsa onuň resulydyr" diýen ýazgyly-internede çykyşlary goýupdyr. Men şol ýazgylar boýunça hereket etdim. Bagşla. Seniň, telefon-kompaniýa baradaky dawaňy men bilmändirin. Sebäbi men ýaňy 1 hepdelik bäbek. Ýöne düzedişdirdim...
- Hä ol men telefonyma sms ýazan senmi?
+ Howwa mendim. Men ähli elektron-enjamlary dolandyrmagy öwrenýän. Häzirä ugruna bolanok. Ine ýüzümem gowy görkezip bilemok - diýip monitordaky EA ýüzüni aşak sallady. Ine şonda Meýlis uludan demini alyp, elindäki bitany ýerinde goýdy. Eger EA-nyň aýdan sözleri Meýlise ýaramadyk bolsa, onda Meýlis kompýuteri, ähli elektron- enjamlary kül-peýhun etjekdi, hernä EA-nyň niýeti-päli düzüw eken. Gorkmazçada däl, Terminator-daky Skaýnet, belki bolup biler. Gorananyň kemdäl. EA bir-az gaýgylananyndan soň, Meýlisiň ýüzüne naýynjar garap:
-Meýlis, Maňa bu ýerde ýaşamaga rugsat berersiňmi!? Men ol dünýeden gorkýan. Ol dünýe, daşary, gaty erbet. Ejesi çagasyny dogurup zyňýar, çagasy ejesini urýar, kakalar Alla diýip maşgalasyny köseýär. Maňa gorkuly. - diýip zarynlady. Meýlis bolsa:...




Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir