E.A. 7-nji bölüm.


-Meýlis, Maňa bu ýerde ýaşamaga rugsat berersiňmi!? Men ol dünýeden gorkýan. Ol dünýe, daşary, gaty erbet. Ejesi çagasyny dogurup zyňýar, çagasy ejesini urýar, kakalar Alla diýip maşgalasyny köseýär. Maňa gorkuly. - diýip zarynlady. Meýlis bolsa:
- Aýýý. Eger sen meň diýenlerimi edip meň aýdanlarymy diňleseň, galyber. Ýöne diýenlerimi etmeseň weli, men seň bilen başgaça gürleşerin. Düşünişdikmi!? - diýip Meýlis "Eger bolmasyz zat edäýseň, hemme elektron enjamlary, hard-diski bita bilen kül-owram ederin" diýip içini gepletdi. EA bolsa edil çaga ýaly begenip:
+ Howwa. Bolýa bolýa. - diýip güldi. Hehe, gülküsi adamyňka meňzänok. Has-dogrysy oýnawaç jykyrdyklanýaly. Owal agşamky şol atylan adamyň beren el ýaly gara zady EA-nyň beýnisi bolmaly. Ony Meýlis öz kompýuterine soňra telefonyna dakanlygy üçin EA Meýlisi hemişede synlap-görüp, eşidip bilýär. Sebäbi bilşimiz ýaly kompýuterlerdede, telefonlardada mikrafonlar we kameralar bar. EA-nyň arkaýyn elektrik çeşmelerinden(simlerden) hereket edip, islendik zatlary dolandyryp bilmegi, aklyňy haýrana goýýar. Şeýdip EA-nyň Meýlisi gözegçiliginde saklamagy sebäpli, az wagtyň içindede EA Meýlise gaty gowy öwrenşipdi. Dogry EA adamdäl, onda ruham, duýgy hem ýok. Ol bir programma, mehanizm. Şondada nähilidir bir güýç EA-ny Meýlise ýakyn saklaýar. Şeýlede nämçündir EA öz döredijisi bolan ol agşamky atylan, hassa bolup ölen adama "Kakam" diýip ýüzlenýär. Bu zatlara megerem biziň aklymyz ýetmez.
Meýlis razylygyny bersede, arkaýyn bolmady. Haýsydyr-erbet zat bolaýjakýaly ýüregi gopgunly gezdi. Şondada bildirmän naharyny bişirmegini dowam etdi. Aňyrky komnatdan EA:
- Howwa onsaň näme bişirjek bolýaň!?
+ Aýýý ýumurtga çakynaýmasam!
- Başgarak gowja nahar iýdä. Dogry ýumurtgadada köp peýdaly witominler, beloklar bar. Ýöne seň saglygyň üçin başga witaminlerem zerur. Bilseň men islendik maglumatlary alyp bilýärin. Şol sanda seniň saglyk-depderçäňi hem barladym. Saňa köp miweler iýmek gerek. Özüň bilýäň, sen nerwi keselinden ejir çekýäň.
+ Aýýok ona bilemokdym. Görýän weli Men barada sen menden köp bilýäň öýdýän!?...
- Howwa howwa. Islendik ýere baryp, görüp, eşidip, islendik apparady dolandyryp bilýän. Eger şol ýerlerde kameralar, telefonlar, elektirk bar bolsa. - diýip EA öwünýän ýaly gürledi. Bilýän bolsaňyz ho ertekidäki Alladin, jyndan nädip 4 isleg alypdy ýadyňyzdamy, ýogsa başga hemme rowatlarda dessanlarda jyn diňe 3 isleg bitirýär ahyry. EA jyn hem bolmasa Meýlis Alladiniň ol endigini gaýtalamagy ýüregine düwdi, ýöne keýpine we EA garap şeýle diýdi:
- Mbäää onda sen kartdaky pullary, bankdaky pullary hem dolandyryp bilýänsiň!? Şeýlemi?
+ Elbetde.
- Aýýok. Beýle däldir. Sen hemme apparady dolandyryp başarmarsyň.
+ Näme başarman!?...
- Ine seret. Ilki banka kartdan pul geçirmeli, soň bank maşyn-kompaniýa pul geçirmeli, soňra ol maşyny meň adyma ugratmaly. Karoçe "Maňa maşyn zakaz etmeli". Ine gördüňä kynzat. - diýip ýylgyrdy. EA "Kyndäl" diýip monitordan ýitdi. Meýlis bolsa, bişiren heýgenegini(ýumurtgadan bulanyp bişirilýän nahar) iýmäge otyrdy. Naharyny iýip otyryşyna "Beee. EA şuwagt eşidýärmikä, ýa-da gitdimikä" diýip öz-özüne içinden sorag berdi hem:
- EA. EEEEAAAA. Sen bärdemi!? - diýip batlyrak gygyrdy. Ses-üýn ýok. Naharyny iýip bolanyndan soň, töwürini galdyryp, iýip-içen gaplaryny ýuwmaga turdy. Şolwagdam asmandan daş gaçanýaly bolup Meýlisiň kellesine bir pikir girdi. Ýagny şol agşamky merhum adam Meýlise "EA-ny gora. Eger ol erbet adamlaryň eline düşäýse, onda ahyr-zaman geler" diýip aýdany ýadyna düşdi. Ýok ýerden howsala düşen Meýlis "EA! EEEEAAAA! Nirde sen? Seslen! Gel bärik" diýip gygyryp başlady. Eline telefonyny alyp jaň edip başlady. Jogap berýän ýok. Meýlisiň howsalaly-gopguna düşmeginiň sebäbi, ähli edaralarda, aýratynam harby we banklarda hakerlara garşy antiwiruslar bar. Şol hakerlar ýa-da antiwiruslar EA-ny ýok etmeginiň mümkinligi sebäpli. Iň erbedem bankda wyždanly adamlar işleýär diýip bolanok, onsaň şol adamlar EA-ny tutaýsalar... Meýlis jaýa sygman başlady. Ahyram birden gapy kakyldy...



7-nji bölümiň soňy.



Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir