E.A. 5-nji bölüm
...Meýlis çaltlyk bilen konwerdi açdy. Konwertde "Hormatly müşderi Islamow Meýlis Bäşimmyradowiç. Kompaniýamyzda tehniki-nogsanlyklaryň bolanlygy sebäpli size habar edilip dykgatyňyza ýetirilen 27801 möçberde bolan bergiňiziň nädogrydygy baradaky düşünşmezlik üçin sizden ötünç soraýars. Biziň size ýetiren çuňňur maral we psihiki ýitgimiz üçin sizden ötünç soramak bilen şu 20000 möçberdäki baýragy almagyňyzy sizden towakga edýärs. Hormatlamak bilen Telefon-kompaniýanyň adminstratory" diýilen ýazgy we şonça möçberdäki pul bar. Meýlis ýene çykgynsyz ýagdaýa düşüp nämeler etjegini bilmän doňup-durdy. Yzyna, öýüne girip stulda, şokdan açylýança oturdy. Diýmek agşamky ýazan gyz aldamandyr-oýnamandyrda, kömek edipdirdä!? Onda nämçün kömek etdikä? Üsde-üsdünede munça baýrak pul!? Şübheli. Dogrusy bu iberilen pula jaý-öýhärä düşenok, emma gowja bir maşyna edinip bolýar. Onsaň bu zatlaryň sebäbi nämekä!? Şu zatlary pikir edip, mümkin ýene ýalňyşlyk bolan bolaýmasyn diýip, gelen puly Meýlis ellemedi. Diňe ujundan iýer-içere ýeterlik aldyda galanyny ýygnap goýdy. Belki ýene ýalňyşlyk bolup biler. Soňra ol kellesini durlap agşamky nätänyşa sms ýazdy:
-Sagbol EA. Minnetdar saňa.
+Taňyrýalkasyn!?
-Wi howwa taňyrýalkasyn.
+Elbetde baş-üstüne.
-Belkide jaňlaşars!? Ýa-da duşuşars!?
+Belki soň!?
-Bolýa, ýene bir gezek taňyrýalkasyn! - diýip köp minnetdar boldy. Şeýdip Meýlis abet-nahar iýmek üçin kuhnýa bardy. Azyk-owkat gutarypdyr. Iýmäge zat ýok. Derrew eşiklerini geýip golaýdaky dükana baryp, ýaňky gelen puluň ujundan iýere-içere zat satyn almaga şaýlandy. Öýden çykyp, dükana baryp gerek zatlaryny saýlaşdyrdy. Kassiriň ýanyna gelip, hasaplaşmaly wagty, pulyny öýde galdyryp gelenini bilip galdy. Hernä karty ýanynda. Karty ýanyndada bolsa onda pul bir barmyka!? Şol sebäpli hem Meýlis karty kassira uzatdy hem kassiriň "puluňuz ýetenok" diýen jogabyna uatnyp-gyzaryp garaşdy. Emm beýle däl, Kassir kartdan hasaplaşyp sesini çykarman karty yzyna uzatdy. Howwa, elinde şonça puly bolsa-da ýönekeý iýmitleri alan Meýlis, uludan dem aldy. Puly ýetipdir. Mbäää. Beýlehä bolmalydäl. Şol bolmaşynada magazindan çykyp, göni, kartynda näçe pulyň galandygyny barlamak üçin bankomada bardy. Karty sokdy. Hasap 99999978. Meýlisiň gözleri hanasanyndan çykaýjak bolup aňkarylyp galdy. Belki bankomat işleýän däldir. Täzeden beýleki bankomadada salyp barlady. Ol hem şol baha, 99999978. "Bankomat ýalňyş görkezýändir, munça pul meň kartyma ömrüme geçipdirmi, şuwagt geçerýaly" diýip pikir eden Meýlis 2000 puly almak üçin nomerlara basdy. Görkezilen nominanty bankomat çykardy. Ýeri inni bu nähili bolýar. Teňňede ýaşapýören oglan hiçzat ýok ýerinden 2 aýlyk iýip-içki puly aldy. Ýene şol puly basdy, ýene aldy. Meýlis näçe ýazsa bankomat säginmän çykarypdur. Pullary alyp Meýlis öýüne gelýänçä pikirden ýaňa bir nokatdan gözüni aýyrmady. Öýüne gelip ýenede stulyna geçip oturdy. Ýada ol nätanyş, kartynada pul oklaýdymyka? ONDA NÄMELER ÜÇIN??? Nämçün ol nätanyş kömek edýär? Adatça her adam kömek edeninde birzatlar hantama bolup kömek edýär. Ýöne keýpine hiç-kim hiç-zat edenok. Dogrydälmi!? Köpler şol edilen kömegi iki esse yzyna almak üçin, köpler başga zat hantama bolup, köpler bolsa has beter erbetzatlar hantama bolup kömek edýärler. Dogry, o-dünýesini, jenneti ýatlap kömek edýän adamlar hem bar, emma beýle pullary ýagşylyk üçin harçlaýan adam, adam däldir, PERIŞDE-ANGELDIR. Emma ol nätanyş perişde däl ahyry. Şeýle pikirler edip, içinden "Hernä gowulyk bolsunda" diýip nahara taýynlandy. Birden duýdansyz:
-Süýji bişirip bilýäňmi!? - diýen ses eşidildi. Pikirlere gümra bolup nahar bişirmäge başagaý Meýlis, sese boluşy ýaly düşünip:
-Howwa, elimä süýji. - diýip aňşyrman jogap berdi. Bir-az salymdan "Ewwaý. Kim beý-diýip soradaý. Öýde meň ýeke-özüm ahyry. "Biri bardyr, ýaňy gelendir" diýsegem, gapyň jygyldysy eşidilmedi ahyry. Diýmek magazina gidenimde biri giripdir. Onda goranaýyn" diýip Meýlis ýuwaşlyk bilen eline kuhanny-pyçagy alyp, çaltlyk bilen yzyna öwrülip:
- Kim sen? Çyk, ýogsa garnyndan gapy açaryn! - diýip gygyrdy. Kuhnyda hiç-kim ýok. Diýmek beýleki komnatda bolmaly. Ýuwaşlyk bilen, eli-pyçakly howatyrlyk-edip, beýleki komnata bardy...


5-nji bölümiň soňy.


Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir