Döwletjan Ýagşymyradow Bellatorda nobatdaky söweşini 8-nji oktýabrda geçirer
Türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 8-nji oktýabrda polşaly türgen Maseý Ružanskä garşy söweşer.
Ýarym agyr agram derejesindäki söweş Bellator 300 ýaryşynyň çäginde San-Diego (ABŞ) amerikan şäherinde geçiriler.
Ýatlatsak, Döwletjan özüniň soňky tutluşygyny şu ýylyň mart aýynda Bellator 292-de geçirdi. Şonda türkmen pälwany eminleri...
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy
7-nji sentýabrda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň işlenip taýýarlanylan taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy bilen...
Ýewropa Bileleşigi TikTok-a 368 million dollar jerime saldy
Ýewropa Bileleşigi TikTok sosial ulgamyna kämillik ýaşyna ýetmedikler bilen baglanyşykly maglumatlary ulananda Brýusseliň maglumatlary goramak boýunça berk düzgünlerini (GDPR) bozandygy üçin 345 million ýewro (368 million dollar) jerime saldy.
TikTok-yň merkezi kwartirasy Dublinde ýerleşýär we ÝB-niň adyndan hereket edýän Irlandiýany...
Google ulanyjylarynyň maglumatlaryny bikanun ýygnandygy sebäpli kazyýetde 93 million dollar ýitirdi
Kaliforniýanyň Baş prokuraturasy Google-y kazyýete berdi. Kazyýetde aýdylyşyna görä, ulanyjy bu funksiýany öçüreninden soň hem kompaniýa ulanyjylaryň ýerleşýän ýerleri baradaky maglumatlary bikanun ýygnamagy we saklamagy dowam etdirýär.
"The Guardian"-yň berýän habaryna görä, Google ulanyjylary ýalňyşdyrmakda aýyplanýan kazyýet işini çözmek...
Ýaponiýa ýaşy 100-den geçen ilatynyň sany boýunça rekord goýdy
Ýaponiýada ýaşy 100-den geçen adamlaryň sany 92 müňden gowrakdyr. Olaryň 88,5%-i zenanlardyr. Russiýada 2020-nji ýylyň başynda uzak ýaşly 22,6 müň adam hasaba alyndy, dünýäde 2019-njy ýylda 100 ýaşdan geçen adamlaryň sany 533 müňdi.
Ýaponiýada 100 ýaşdan geçen ýaşaýjylaryň sany ilkinji gezek 92 müň adama ýetdi - bu soňky 53 ýylyň içinde reko...
Türkmenistanyň Hytaýdaky Aziýa oýunlaryna gatnaşjak ýygyndysy belli boldy
23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda Hytaýyň Hançžou şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi belli boldy.
Türkmen wekiliýetiniň düzümine türgenler, olaryň tälimçileri bilen bir hatarda lukmançylyk işgärleri we metbugat gullugynyň wekilleri goşuldy we jemi 104 adam wekilçilik eder.
...
Gurbanguly Berdimuhamedow Emomali Rahmona minnetdarlyk hatyny iberdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Duşenbede geçen bäşinji konsultatiw duşuşygynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetini mähirli kabul edendigi w...
Türkmenistanda internet ulanyjylarynyň sany 3 million adamdan geçýär
Häzirki wagtda Türkmenistanda internet ulanyjylarynyň sany 3 million 127 müň 599 adama barabardyr. Bu maglumatlary ORIENT agentligi «Türkmenaragatnaşyk» agentligine salgylanyp getirýär.
Şeýlelikde, 410 müň adam simli internetden, 3 milliona golaý (2 716 599) ilat bolsa ykjam goşundy arkaly peýdalanýar.
Daşarky internet ýaýlymynyň tutu...
Türkmenistanyň biržasynda hepdelik geleşikleriň jemi bahasy 90 million dollardan geçdi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 90 million 50 müň 274 dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Singapuryň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet...
Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistanyň Premýer-ministrini gutladylar
Prezident Serdar Berdimuhamedow we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Öz gezeginde, Serdar Berdimuhamedow, Premýer-ministr Narendra Modä t...
«Çyzgy» hojalyk jemgyýeti Arkadag şäherinde çagalar seýilgähini gurar
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimligi Arkadag şäherinde çagalar seýilgähiniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak üçin «Çyzgy» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşar. Munuň üçin ygtyýar berýän Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Çagalar seýilgähiniň gurluşyk işleri 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda...
«Al-Feýha» saud kluby «Ahal» bilen duşuşmak üçin Aşgabada geldi
Aziýa Futbol konfederasiýasynyň Çempionlar ligasynda "A" toparçada çykyş edýän Saud Arabystanynyň «Al-Feýha» kluby ýurdumyzyň "Ahal" topary bilen duşuşmak üçin Türkmenistana geldi.
Saud Arabystanynyň El-Majmaa şäheriniň topary Aşgabada gelen dessine "Aşgabat" stadionynda türgenleşik geçmäge başlady.
Bu ýerde Saud Arabystanynyň we ýurd...
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy iş sapary bilen Seul şäherine bardy
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň Mejlisiniň wekiliýeti Seul şäherine bardy. Bu barada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy habar berdi.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň Prezidenti Mejlisiň wekiliýetine 2023-nji ýylyň 17 — 20-nji sentýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherine...
«Bezeg Gipsler Merkezi» öýüň içki we daşky bezeginde gips bezeglerini ulanmagyň artykmaçlyklary barada gürrüň berýär
Baryp orta asyrlarda meşhur bolan öýüň içini we daşyny gips bilen bezemeklik şu günlerde ýene-de ýörgünli häsiýete eýe boldy. Bu günki gün öýleriň abatlaýyş (remont) işleri geçirilende diwarlary bezemek üçin gips tüýs ýerine düşen önüme öwrüldi. «Bezeg Gipsler Merkezi» dükany hem öýüň içki we daşky bezeginde ulanmak üçin gips bezegleriniň dürli gör...
Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy bilen duşuşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli di...
Türkmenistanyň Prezidenti Nýu-Ýorkda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy.
Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda geçýän duşuşyga örän şatdygyny nygtap, bu gepleşikl...
Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutany we iri halkara söwda guramasynyň ýolbaşçysy mähirli salamlaşyp, hyzmatdaşlygyň häzirki...
Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
Nýu-Ýork wagty bilen günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň b...
Asmanexpress indi bank kartlary arkaly tölegleri hem kabul edip başlady
Gysga wagtda 70 müňden gowrak ulanyjy toplamagy başaran Asmanexpress indi bank kartlary arkaly hem tölegleri kabul edip başlady.
Aşgabadyň içine bary-ýogy 10 minutda eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirip bilen bu onlaýn platforma hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmagyny dowam edýär. Çünki Asmanexpress-iň hödürleýän hyzmaty, ilkinji noba...
Türkmen antiwirusyny daşary ýurtlular uly isleg bilen ulanýarlar Orient Link: https://orient.tm/tm/post/60385/turkmen-antiwirusyny-dasary-yurtlular-uly-isleg-bilen-ulanyarlar
"Türkmenaragatnaşyk" agentligi tarapyndan işlenip taýýarlanan we işe girizilen "Milli One" atly antiwirus programmasyna daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär. Agentligiň mälim etmegine görä, bu programmany ulanmak üçin daşary ýurtlardan sargytlar yzygiderli gelýär.
Ähli maglumat enjamlarda ulanmaga elýeterli bolan "Milli One" antiwirus pro...